Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka: Eger-de Ermenistanda KHŞ-den çekilse, gurama ‘dargamaz’

Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka
Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka, eger-de Ermenistan Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy (KHŞ) guramasynyň agzalygyndan çykmagy saýlap alsa, onda alty agzalyk guramanyň “dargamajakdygyny” aýtdy.

“Eger-de olar KHŞ düzüminde bolmak islemeseler, ol dargamaz, ol dargamaz” diýip, 25-nji fewralda žurnalistlere aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan öz ýurdunyň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasyndaky agzalygynyň doňdurylýandygyny yglan etdi. Bu Ermenistan bilen Russiýanyň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklaryň sowuklaşmygynyň arasynda, Ýerewanyň özüni Moskwadan barha köp çetleşdirýän mahalynda bolup geçdi.

Paşiniýan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasyny Ermenistanyň ýüzbe-ýüz bolan “howpsuzlyk kynçylyklaryna jogap berip bilmezlikde” tankytlady.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň düzüminde Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär.

XS
SM
MD
LG