Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maduro Nýu-Ýorkda federal kazyýete getiriler


Delsi Rodriges, Nikolas Maduro we aýaly Silia Flores
Delsi Rodriges, Nikolas Maduro we aýaly Silia Flores

Wenesuelanyň ABŞ operasiýasynda ele salnan prezidenti Nikolas Maduro we onuň aýaly Siliýa Flores 5-nji ýanwarda Nýu-Ýorkda, federal kazynyň öňünde ilkinji gezek peýda bolarlar.

Federal sudýa Madurony, onuň aýalyny we ýene dört adamy dört aýyplamada, kokain import etmek üçin dildüwşük etmekde we "narkoterrorizmde" aýyplap, aýyplaw netijelerini yglan edipdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp žurnalistlere 4-nji ýanwarda, eger Wenesuela ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmese, ýene bir zarba urmagy buýrup biljekdigini aýtdy.

Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidenti Delsi Rodrigez ABŞ bilen hyzmatdaşlyk teklip etdi we Karakasyň halkara hukugyna we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary gurmaga taýýardygyny yglan etdi. Bu barada "Deutsche Welle" Rodrigesiň 4-nji ýanwarda Instagramda ýerleşdiren açyk hatyna salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de, Tramp Kolumbiýa we Meksika harby çäre görmek haýbatlaryny atdy we Kubanyň kommunistik režiminiň "ýykylmaga taýýar ýaly görünýändigini" aýtdy.

"Olaryň nähili ýagdaýda saklanyp galjakdygyny ýa-da galmajakdygyny bilemok, ýöne Kubanyň häzirki wagtda girdejisi ýok. Olar ähli girdejilerini Wenesueladan, Wenesuelanyň nebitinden alýardylar" diýip, Tramp "Air Force One" uçarynda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti “The Atlantic” gazetine beren interwýusynda Wenesuelanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Delsi Rodrigeze hem haýbat atyp, “eger ol dogry hereket etmese, onda ol örän ýokary baha tölär, belki-de Madurodan has ýokary baha tölär” diýdi.

XS
SM
MD
LG