Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan lideri Nikolas Maduro we onuň aýaly Siliýa Flores, 3-nji ýanwarda geçirilen ABŞ operasiýasynda tussag edileninden soň, 5-nji ýanwarda Nýu-Ýorkdaky federal kazynyň soraglaryna ilkinji gezek jogap berdi.
Federal kazy Madurony, onuň aýalyny we başga-da dört adamy biraz öň "narkoterrorizm" we kokain import etmek üçin dil düwüşmek ýaly, jenaýat kodeksiniň dört maddasynda aýyplapdy.
Aýyplamanyň üçünji we dördünji maddalar ýarag ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly. Kazyýet seljermesi wagtynda resminamanyň gysgaldylan görnüşi okaldy.
Maduro özüni bigünä hasaplaýandygyny aýtdy.
Kazyýet zalyndan berlen metbugat habarlaryna görä, Maduro we onuň aýaly bir stoluň başynda oturdyrlar, Maduronyň eli gandally eken.
Habar berilmegine görä, Wenesuelanyň öňki lideri kazy bilen terjimeçi arkaly gürleşdi. Ol özüni Wenesuelanyň prezidenti diýip atlandyrdy we özüni günäsiz hasaplaýandygyny aýtdy. Onuň aýaly hem özüni bigünä hasaplaýandygyny aýtdy.
Maduro özüniň entek aýyplaw netijesini okamadygyny nygtady. Onuň tarapdarlary kazyýet binasynyň daşynda ýygnandylar.
Kazy indiki diňlenişigi 17-nji marta belledi. Maduronyň tussaglykda saklanylmagyna garaşylýar. Kazyýet Wenesuelanyň konsulynyň onuň ýanyna baryp görmegine rugsat berdi. “Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, kazyýet seljermeleri 2027-nji ýylda başlanyp biler.