Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 22-nji martda Moskwadaky konsert zalyna edilen hüjümi “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň bir şahamçasynyň amala aşyrandygy barada, öz ýurdunda maglumatyň bardygyny aýtdy. Makron bu barada 25-nji martda çykyş etdi, we Russiýanyň bu hüjümi Ukraina bilen alyp barýan söweşi üçin ulanmakdan saklanmalydygyny aýtdy.
“Fransiýada ‘Yslam döwleti’ [toparynyň] bir şahamçasynyň hüjümi planlaşdyrandygy we ony amala aşyrandygy barada aňtaw maglumatlary bar” diýip, Makron žurnalistlere aýtdy.
Ol “gürrüňi gidýän bu anyk şahamçanyň Fransiýanyň özünde hem hüjümleri geçirmek boýunça ençeme synanyşyk edendigini” sözüne goşdy.