26-njy maýda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Germaniýa döwlet saparyna başlady. Bu Fransiýanyň lideriniň soňky 24 ýylyň içinde Germaniýa amal edýän ilkinji döwlet saparydyr. Üç günlük saparyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy güýçleri hasaplanýan bu iki ýurduň arasyndaky berk baglar nygtalyp geçiler.
Makron Pariž bilen Berliniň Ýewropa Bileleşigi we daşary syýasat boýunça hereketlerini utgaşdyrmak tagallalarynyň arasynda Germaniýa ýygy-ýygyndan sapar etse-de, fransuz lideriniň Germaniýa döwlet derejesindäki soňky sapary 2000-nji ýylda bolupdy. Şonda Berline Fransiýanyň şol wagtky prezidenti Žak Şirak (Jacques Chirac) gelipdi.
Makronyň Germaniýanyň 2-nji Jahan urşundan soňky Konstitusiýasynyň 75 ýyllygyna we noýabrda belleniljek Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 35-nji ýyl dönümine gabat gelmegi, “Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky çuň dostluk baglaryna kepil geçýär” diýip, Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier çykyş etdi.