Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maskyň SpaceX kärhanasy ABŞ-nyň aňtaw gulluklary üçin içaly satellitleriň toplumyny gurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

SpaceX tehnologiýa kärhanasy, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary bilen baglaşylan gizlin ylalaşygyň çäklerinde, içaly satellitleriň ýüzlerçesiniň toplumyny gurýar. Bu barada Reuters habarlar gullugy bu ýagdaýlardan habarly bäş çeşmä salgylanyp maglumat berýär. Bu milliarder telekeçi Elon Maskyň älem kompaniýasy bilen Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk gulluklarynyň arasyndaky çuňlaşýan baglary görkezýär.

Maglumata görä, satellitleriň ulgamyny SpaceX kärhanasynyň “Starshield” (“Ýyldyz galkany”) bölümi gurýar. Bu 2021-nji ýylda baglaşylan, umumy bahasy 1.8 milliard dollarlyk şertnamanyň çäklerinde amal edilýär. Çeşmeleriň maglumatyna görä, SpaceX bilen şertnamany ABŞ-nyň içaly satellitlerini dolandyrýan Milli Aňtaw Agentligi baglaşypdyr.

Çeşmeler, eger-de bu proýekt üstünlikli amala aşsa, munuň ABŞ-nyň hökümetine we harbylaryna mümkin nyşanalary dünýäniň islendik künjeginde ýüze çykarmak boýunça uly artykmaçlyk berjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG