Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media: Garaçaganakdaky nebit kompaniýalary Gazagystana $4 milliard tölemeli

Gazagystan. Halkara bilelikdäki kärhana, “Karachaganak Petroleum Operating” (KPO) kompaniýasyna degişli nebiti gaýtadan işleýän zawod. ,2006-njy ýylyň 13-nji iýuny
Gazagystan. Halkara bilelikdäki kärhana, “Karachaganak Petroleum Operating” (KPO) kompaniýasyna degişli nebiti gaýtadan işleýän zawod. ,2006-njy ýylyň 13-nji iýuny

Londonyň arbitraž kazyýeti Gazagystanyň Garaçaganak ýatagyny özleşdirýän nebit kompaniýalarynyň gazak hökümetine 4 milliard dollara çenli möçberde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykardy diýip, “Bloomberg” habar berýär.

Neşir, anonim çeşmelere salgylanyp, suduň "Eni SpA" we "Shell Plc" ýaly ýatak hyzmatdaşlarynyň tölemeli anyk möçberini heniz kesgitlemändigini belleýär. Şeýle-de, olar KPO-nyň bu karardan şikaýat edip biljekdigini aýtdylar.

Kazyýetiň karary Garaçaganak ýatagynyň operatorlaryndan 6 milliard dollardan gowrak pul talap eden gazak hökümetiniň bölekleýin ýeňşi hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG