Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media: Russiýanyň häkimiýetleri apreliň başynda Telegram-y bloklamagy meýilleşdirýärler

"Telegram" belgisi
"Telegram" belgisi

Orsýetiň häkimiýetleri aprel aýynyň başynda Telegram messenjerini bloklamagy meýilleşdirýärler diýip, RBK agentligi öz çeşmelerine salgylanyp, habar berdi. Neşriň Kremle ýakyn çeşmeleri muny gutarnykly karar hökmünde häsiýetlendiripdir.

"Bloklamak üçin maslahat edilen sebäpleriniň arasynda, olar ýakynda adamlary, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedikleri bikanun hereketleri amala aşyrmak üçin hakyna tutmak bilen bagly ýagdaýlarynyň köpelendigini görkezdiler" diýip, RBK ýazýar.

"Roskomnadzor" RBK-niň habaryny tassyklamady ýa-da inkär etmedi. "Edaranyň bu mesele boýunça öň çap edilen maglumatlara goşjak zady ýok" diýip, "Roskomnadzor" aýtdy.

"The Bell" neşiri telekommunikasiýa operatoryndaky çeşmäniň Telegramyň bloklanmagyny tassyklandygyny ýazdy. Telekommunikasiýa bazaryndaky iki çeşme hem Kremliň doly bloklamak barada eýýäm karar kabul edendigini aýtdy.

"Bir ýarym aýyň içinde bir zat üýtgäp biler, nähili-de bolsa hökümetiň içinde bu mesele boýunça dürli pikirler bar. Emma häzirlikçe maglumat şeýle: doly bloklamak 1-nji aprelde başlanar" diýip, mobil operatorlaryň biriniň wekili aýtdy.

Mundan öň, Russiýanyň Sanly Ösüş Ministrliginiň başlygy Maksut Şadaýew häkimiýetleriň Telegramy front liniýalaryndaky işini häzirlikçe çäklendirmejekdigini wada beripdi. Bu uruşyň tarapdary bolan käbir bloggerleriň we jemgyýetçilik wekilleriniň Telegram-a girizilen çäklendirmeleri berk tankytlap, hususan-da, bu messenjeriň Ukrainadaky rus goşunlary tarapyndan aragatnaşyk serişdesi hökmünde işjeň ulanylýandygyny belläp geçenlerinden soň boldy.

  • 10-njy fewralda "Roskomnadzor" Telegram-a goşmaça "yzygiderli çäklendirmeleri" girizmek meýilnamasyny yglan etdi, agentligiň habaryna görä, messenjer Orsýetiň kanun talaplaryny berjaý etmeýär. Soňra "Baza" Telegram kanaly çeşmelerine salgylanyp, "Roskomnadzoryň" 1-nji aprelden başlap "Instagram" we "Facebook" ýaly Telegram-y hem "doly blokirlemäge" başlajakdygyny habar berdi. "Roskomnadzor" bu habara şeýle jogap berdi: "Edaranyň bu mesele boýunça öň çap edilen maglumatlara goşjak zady ýok".
XS
SM
MD
LG