Russiýanyň Ukrainadaky urşunda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan adamlaryň azyndan 93 sanysy wepat boldy diýip, BBC-niň Rus gullugy habar berýär.
Neşiriň derňew maglumatlaryna laýyklykda, bu uruşda Gyrgyzystandan 19, Özbegistandan 34, Täjigistandan 40 adam ölüpdir.
BBC-niň gepleşigi urşa rus türmelerinden gelen, hakyna tutulan söweşijileriň hususy “Wagner” kompaniýasy tarapyndan harby gulluga çekilen migrant işçilere bagyşlanypdyr.
Gepleşikde Russiýada dürli jenaýatlarda günäli tapylan we Ukrainada ölen birnäçe gyrgyzyň yzynda galan maşgalalaryň başdan geçirenleri gürrüň berilýär.
Kazyýet işlerinde migrantlaryň bähbitlerini goraýan aklawçy Mirlan Akilbekowyň aýtmagyna görä, ol 2022-nji ýylyň tomsunda ildeş tussaglaryndan hususy harby kompaniýa bolan “Wagneriň” tussaglaryň saklanýan ýerlerinde urşa gatnaşmaga adam gözleýändigini eşidipdir.