Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekgä 1,5 milliondan gowrak daşary ýurtly musulman geldi


Türkmenistanly zyýaratçylar. Arhiw suraty
Türkmenistanly zyýaratçylar. Arhiw suraty

Şu hepdäniň aýagynda başlanýan Haj zyýaratlarynyň öňünden, ýyllyk haj möwsüminiň öz ýokary derejelerine dolanmagy bilen, Saud Arabystanynyň mukaddes Mekge şäherine gelýän musulmanlar köpelýär.

Saud Arabystanyň resmileri 11-nji iýuna çenli ýurda 1,5 milliondan gowrak daşary ýurtly zyýaratçynyň gelendigini aýdýarlar.

Ýene has köp zyýaratçynyň gelmegine garaşylýar we 14-nji iýunda, zyýarat resmi taýdan başlananda, olara Saud Arabystanynda ýaşaýan ýüzlerçe müň saudly we beýleki adamlar hem goşular.

Saud resmileri şu ýyl zyýaratçylaryň sanynyň 2023-nji ýyldakysyndan hem geçmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

Geçen ýyl bu ýurda haj parzyny amal etmek üçin üçin 1,8 milliondan gowrak adam gelipdi.

XS
SM
MD
LG