Bermet Tursaliýewa öz dogduk ýurdy Gyrgyzystanyň daglarynda syýahatçylara ýol görkezýär. Ol syýahatçylyk pudagynyň ösýändigini aýdýar, emma onuň pikiriçe, Merkezi Aziýadaky agyr serhet düzgünleriniň biraz ýeňilleşdirilmegi bu pudak üçin örän zerur.
“Goňşy ýurtlardaky syýahatçylyk operatorlary bilen hyzmatdaşlyk etsek we sebitleýin integrasiýany güýçlendirsek, etnosyýahatçylyk has-da ösüp biler. Şeýle ýagdaýda Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlaryny öz içine alýan etnik syýahatlary gurap bilerdik” diýip, ol ýakynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.
Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň syýahatçylar üçin serhet barlaglaryny ýeňilleşdirmek boýunça soňky syýasy başlangyçlary Tursaliýewa üçin umyt döredip biler. Emma sebitdäki güýçli howpsuzlyk gulluklary we çuň kök uran awtoritar garaýyşlar geçmişde şeýle başlangyçlaryň öňüni alypdy.
Ýüpek ýoly boýunça syýahat
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa adaty syýahatçylyk ugurlaryndan daşarda dynç alyş gözleýän günbatarly syýahatçylaryň arasynda meşhur ýere öwrüldi. Gadymy Ýüpek ýolunyň binagärlik ýadygärliklerinden başlap, ajaýyp dag ýörişlerine çenli bu sebit dürli gyzyklanmalary bolan syýahatçylara köp mümkinçilik hödürleýär.
#dadlore we #sidequest ýaly sosial media heşteglarynda ýaşlaryň öýlerde düşelge gurup, sähralarda at çapyp ýören wideolary barha köpelýär. Şol bir wagtyň özünde, has amatly we ýörite guralan syýahaty isleýänler üçin ähli hyzmatlary öz içine alýan aýratyn gezelençler guralýar.
Emma günbatarly syýahatçylar üçin bir uly kynçylyk henizem saklanyp galýar: sebite gelenlerinden soň ýurtlaryň arasynda syýahat etmek aňsat däl. Merkezi Aziýa barmagyň gymmatdygy we köp wagt alýandygy sebäpli, bir saparyň dowamynda birnäçe ýurda baryp görmek syýahatçylar üçin aýratyn özüne çekiji bolup durýar.
“Bu ýere gelýän adamlar, adatça, bir wagtyň özünde iki ýa-da üç ‘duralga’ baryp görmek isleýärler” diýip, Gazagystanyň syýahatçylyk boýunça hünärmeni Ýerkin Tikenow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Merkezi Aziýa dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden uzakda ýerleşýär we sebite gelmek köp wagt alýar. Şonuň üçin syýahatçynyň... gysga wagtyň içinde mümkin boldugyça köp ýer görmek islemegi düşnüklidir.”
Bu pikir diňe syýahatçylar üçin däl, eýsem Tursaliýewa ýaly bu pudakda işleýän ýerli ýaşaýjylar üçin hem özüne çekiji.
“Oşdan [Gyrgyzystan] olar Özbegistana geçip bilerler ýa-da Batkeniň üsti bilen Täjigistana syýahat edip bilerler. Batkendäki Zardaly obasynyň özi hem syýahatçylyk merkezi. Şeýle hem Özbegistanyň Andijan sebitinde we Samarkantda taryhy ýerler we kümmetler bar” diýip, ol aýtdy.
“Täjigistanyň öz medeni gözel ýerleri bar, Gazagystan bolsa däp bolan tebipleri bilen tanalýar. Biz bu ýerleriň hemmesini syýahatçylara görkezmek isleýäris” diýip, Tursaliýewa sözüniň üstüni ýetirdi.
Emma sebit boýunça wiza düzgünleriniň birmeňzeş däldigi we serhet gözegçiliginiň sazlaşyksyzlygy sebäpli, muny amala aşyrmak aýdylandan has kyn.
Merkezi Aziýanyň köp ýurtlary daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz düzgün girizen hem bolsa, her bir ýurda girende we çykanda serhetde möhür almagyň zerurlygy uzyn nobatlaryň döremegine getirýär. Dürli düzgünler we rugsatnamalar bilen iş salyşmak ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar.
Mysal üçin, Täjigistanyň tas ýarysyny tutýan gündogardaky Daglyk Badahşan Awtonom Welaýatyna baryp görmek üçin, ýurda wizasyz girýän syýahatçylara-da ýörite rugsatnama gerek. Zorkul we Sarez köllerine baryp görmek üçin hem goşmaça rugsatnamalar zerur bolup, olary diňe ýurduň içinde almak bolýar.
Bu uzaga çekýän proses we daşary ýurtly syýahatçylaryň geçmeli köp sanly barlaglary ýurduň iň owadan tebigy ýerleriniň käbirine baryp görmek isleýänler üçin uly kynçylyk döredýär.
Diňe bir arza tabşyrmagy talap edýän bitewi wiza ulgamy we serhetdäki ýönekeýleşdirilen düzgünler bu päsgelçilikleri azaldyp bilerdi.
“Aziýa Şengeni”
Şeýle ulgamyň peýdasy Merkezi Aziýa hökümetleriniň hem ünsünden düşenok.
31-nji iýulda geçirilen sebit ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitinde Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow bitewi wiza ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Aslynda, bu täze pikir däl. Ilkinji gezek 2018-nji ýylda Gazagystan tarapyndan teklip edilipdi. Ýewropa Bileleşigindäki ulgama meňzeş "Aziýa Şengeni” daşary ýurtlularyň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda erkin syýahat etmegine mümkinçilik bermelidi.
Emma bu ugurdaky ösüş haýal boldy we onuň öňünde köp päsgelçilikler ýüze çykdy. Diňe 2025-nji ýylda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda uzak wagtlap jedelli bolup gelen üçtaraplaýyn serhedi kesgitleýän şertnama ahyrsoňy gol çekildi.
Gyrgyzystanyň Syýahatçylygy ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Eduard Kubatow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bitewi syýahatçylyk ulgamyny döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
“Bu Merkezi Aziýanyň ykdysady, durmuş we medeni integrasiýasyny güýçlendirer hem-de serhetlerden howpsuz geçmegi aňsatlaşdyrar. Häzirki wagtda Özbegistan bilen gepleşik geçirýäris; olar goldamaga taýýar. Gazagystan we Täjigistan bilen hem gepleşik geçirýäris” diýip, ol aýtdy.
Soňky ýyllarda syýahatçylyk ösýär, ýöne bu ösüş öňki pes derejeden başlanýar.
Bütindünýä Syýahatçylyk we Syýahat Geňeşiniň 2026-njy ýylyň iýunynda çap eden Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk pudagynyň ykdysady täsiri baradaky barlagyna görä, syýahatçylygyň Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümine goşýan umumy goşandy 2020-nji ýylda 6,7 milliard dollardan 2025-nji ýylda 20,1 milliard dollara çenli ýokarlandy.
Tursaliýewa hem syýahatçylyk gezelençlerini geçirýän daglyk ýerlerinde ösüşiň bardygyny görendigini aýdýar.
“Bir ýyl mundan ozal Talasdaky [Gyrgyzystanyň demirgazyk-günbatary] Beş-Taşda ýagdaý başgaçady. Bir ýylyň içinde göze görnüp duran ösüş boldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň şertleri we hyzmatlar gowulaşdy, naharlaryň hili hem ýokarlandy,” diýip, ol aýtdy.
Emma awtoritar ýolbaşçylaryň adamlaryň hereketine berk gözegçilik etmegi halaýan we terrorçylyk hem-de bikanun haryt daşamak bilen bagly düýpli howpsuzlyk aladalarynyň bar bolan sebitinde syýahatçylygy ösdürmekden gelýän ykdysady peýda serhetleri açmak üçin ýeterlik bolmady.
“Prezidentler dil bilen ‘hawa, hawa’ diýseler-de, hukuk goraýjy we aňtaw edaralary... muny etmek islemeýän ýaly görünýär” diýip, Tikenow aýtdy.
Glazgo uniwersitetiniň Ýewraziýa barlaglary boýunça professory Luka Ançeski Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň Ýewraziýa Bileleşiginiň agzasydygyny we munuň şol ýurtlaryň raýatlaryna ýurtlaryň arasynda erkin hereket etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň öz raýatlarynyň erkin hereketi üpjün edilmänkä, syýahatçylar üçin bitewi wiza ulgamyny göz öňüne getirmek mümkin däl: “Şeýle ulgam hemmelere - Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylaryna-da, sebitden bolmadyklara-da - deň derejede degişli bolmaly.”
Merkezi Aziýa boýunça howpsuzlyk hünärmeni Edward Lemon hem bu meselä şübheli garaýar.
“Türkmenistanyň şeýle ulgama goşulmagy ähtimal däl” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Ol dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar we ýurda girmek örän kyn. Täjigistan hem ýurda baryp görmegi birneme kynlaşdyrmagynyň sebäbi hökmünde serhet howpsuzlygyny görkezýär”.
2025-nji ýylyň başynda elektron wiza ulgamynyň girizilmegi bilen ýurduň syýahatçylyga bolan resmi garaýşynda üýtgeşmeler ýüze çykan hem bolsa, Türkmenistana baran syýahatçylar surata düşürmek we ýurduň içinde hereket etmek boýunça berk çäklendirmeleriň bardygyny aýdýarlar.
Wiza üçin berilýän arzalar köplenç anyk sebäpsiz ret edilýär. Bu üýtgeşmelerden bäri ne ýerli ýaşaýjylar, ne-de syýahatçylyk pudagynda işleýänler syýahatçylaryň sanynda göze görnüp duran ösüşiň bolandygyny belleýärler.
Forum