Özbegistan Russiýa, Hytaý, ABŞ we Eýran bilen gatnaşyklary bir wagtyň özünde ösdürmäge çalyşýar. Daşkent maýa goýumlaryny özüne çekýär, milliardlarça dollarlyk ylalaşyklary baglaşýar we dürli iri döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Şol bir wagtda, bu döwletleriň her biriniň Merkezi Aziýada öz bähbitleri bar we bir hyzmatdaş bilen ýakynlaşmak beýlekisiniň gaharyny getirip biler. Bu ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň oktýabr aýynda Samarkanda eden saparyndan we Özbegistanyň Eýran bilen taryhy miras boýunça diplomatik jedellerinden soň eýýäm aýdyň boldy. Daşkentiň köpugurly syýasaty näderejede durnukly we ol nähili töwekgelçilikleri öz içine alýar?
Moskwa bilen Pekiniň arasynda
Özbegistan bir wagtyň özünde birnäçe güýç merkezi bilen gatnaşyklary gurmaga synanyşýar. Şol bir wagtda, bilermenleriň belleýşi ýaly, iş ýüzünde olaryň hemmesi bilen deň derejede hyzmatdaşlyk etmek häzirlikçe başartmady.
"Özbegistanyň daşary syýasatynda Russiýa we Hytaý höküm sürmegini dowam etdirýär. Russiýa berlen daşary syýasat artykmaçlyklary başga ýurtlara berilmeýär. Muňa dogry düşünmek gerek. Özbegistan esasan Russiýa garaşly bolmagynda galýar" diýip, Özbegistanyň Ýokary geňeşiň öňki agzasy Jahongir Muhammad aýdýar.
Moskwa Daşkendiň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ýurtlaryň arasynda uzak möhletli gatnaşyklar, ýakyn söwda gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk bar.
Zähmet migrasiýasy möhüm rol oýnaýar. Russiýada 1,5 million töweregi özbegistanly işleýär. Olar öýlerine pul iberýärler we iberilýän bu pul serişdeleri ýurduň ykdysadyýeti we köp maşganyň girdejileri üçin örän möhüm hasaplanýar.
Diňe 2025-nji ýylyň dowamynda daşary ýurtlardan Özbegistana tas 19 milliard dollar möçberinde pul serişdesi gelip gowuşdy. Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, bu serişdeleriň takmynan 78 göterimi Russiýadan geldi.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk senagat we energetika ulgamlaryna hem degişlidir. Bilelikdäki iň uly taslamalaryň biri “Rosatom” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Özbegistanyň ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurluşygydyr.
Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň Özbegistanyň ykdysadyýetdäki orny kem-kemden üýtgeýär. Köp ýyllaryň dowamynda Moskwa Özbegistandaky daşary ýurt maýadarlarynyň arasynda öňdebaryjy hasaplanýardy, ýöne 2023-nji ýylda Hytaý ondan öňe geçdi.
Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Russiýa Özbegistandaky daşary ýurt maýadarlarynyň arasynda 20 göterimden gowrak paý bilen birinji orny eýeledi. Şol wagt Hytaý 16 göterim bilen ikinji orunda ýerleşdirilipdi. Şol bir wagtda, 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Hytaý 24,5 göterim paý bilen eýýäm birinji orny eýeledi. Şonda Russiýanyň paýy bolsa 15,9 göterim boldy.
2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky tapawut hasam artdy: Hytaýyň paýy 27,9 göterime ýetdi, Russiýanyňky bolsa 13,2 göterim boldy. 2025-nji ýylda bolsa, bu tapawut hasam aýdyňlaşdy. Hytaýyň paýy ýanwardan sentýabra çenli Özbegistandaky daşary ýurt maýa goýumlarynyň we karzlaryň 39,9 göterimini emele getirdi. Russiýanyň paýy bolsa 7,8 göterim boldy.
Daşkent bilen Pekiniň arasyndaky söwda dolanyşygy hem artýar. Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaý bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda 34 göterim artyp, 17 milliard dollara ýetdi. Bu sanawda Russiýa 13 milliard dollar bilen ikinji orny, Gazagystan bolsa tas 5 milliard dollar bilen üçünji orny eýeledi.
Özbegistanyň hökümet portalynyň maglumatlaryna görä, Hytaý ýurtdaky kärhanalaryň sany boýunça öňde barýar. Häzirki wagtda ýurtda Hytaýyň maýa goýumlary bilen 5 müňden gowrak kompaniýa işleýär.
Hytaýyň maýasy energiýa, senagat we infrastruktura pudaklaryna işjeň girýär. Özbegistanyň prezident administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabryna çenli Pekin umumy kuwwaty 10 gigawatta golaý bolan 30-dan gowrak energiýa taslamasyna gatnaşdy.
Jahongir Muhammad Pekiniň şeýlelik bilen ýurtdaky ykdysady täsirini güýçlendirýändigine ynanýar.
"Hytaý ykdysadyýete pul goýýar. Ol Özbegistana köp möçberde karz berýär we ýurtda barha köp hytaý kompaniýalary açylýar. Şeýlelikde, Hytaý öz ykdysady täsirini artdyrýar we esasan Özbegistany pul bilen satyn almaga synanyşýar, şol bir wagtda Russiýa bolsa maksatlaryna basyş we gorkuzmak arkaly ýetýär" diýip, ol aýdýar.
Başga bir uly möçberli bilelikdäki taslama Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoludyr. Bu demir ýol Hytaýyň sebitlerini Merkezi Aziýa bilen baglanyşdyrmagy we Ýewropa we has günorta tarap täze ulag ýoluny açmagy maksat edinýär.
Waşingtonyň Merkezi Aziýa gyzyklanmasy
Russiýa we Hytaý bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryň fonunda Özbegistan Günbatar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem çalyşýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň Samarkanda sapary Waşingtonyň diňe bir diplomatik gatnaşyklara däl, eýsem Özbegistan we tutuş Merkezi Aziýa bilen giň möçberli ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny görkezdi.
“Özbegistan muny aýdyňlaşdyrdy: ol hemmeler bilen dost bolmak, hemmeler bilen gatnaşyk gurmak we hemmeler bilen ykdysady gatnaşyk gurmak isleýär. Biz bolsa gyzyklanýandygymyzy aýdýarys” diýip, Rubio Samarkantda C5+1 formatynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň çäklerinde aýtdy.
Döwlet sekretary bilen bilelikde ABŞ-nyň işewürleriniň wekilleri Özbegistana bardylar. Gepleşiklerden soň, taraplar takmynan 12 milliard dollara barabar bolan 54 ylalaşygy we bilelikdäki başlangyçlary yglan etdiler.
Waşington Merkezi Aziýanyň tebigy baýlyklary bilen aýratyn gyzyklanýar. Birleşen Ştatlar belli bir üpjün edijilere garaşlylygy azaltmak we öz üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmek üçin möhüm minerallaryň üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak isleýär.
Londonda ýerleşýän “Central Asia Due Diligence” guramasynyň direktory, syýasatşynas Alişer Ilhamow Günbatar bilen hyzmatdaşlygyň Özbegistanyň Russiýa garaşlylygyny azaltmaga kömek edip biljekdigine ynanýar.
“Umuman, Günbatar Özbegistanyň ykdysadyýetinde örän girdejili bazar we mümkin bolan maýadar bolup durýar. Bu bize Özbegistanyň Russiýa doly kolonial garaşlylygyny ýok etmäge mümkinçilik berýär” diýip, bilermen aýdýar.
Şol bir wagtda, Waşingtonyň hem sebitde öz bähbitleri bar. Jahongir Muhammad ABŞ-nyň Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň artmagyndan howatyrlanýandygyny belleýär.
"Amerika Merkezi Aziýanyň hem öz täsirinden çykyp biljekdiginden howatyrlanýar. Bu bolsa esasly alada. Hytaý Gazagystanda, Özbegistanda we Täjigistanda işjeň öňe gidýär. Ol bu ýurtlarda ýer satyn alýar we arzan harytlary köp mukdarda import edýär" diýip, Muhammad belleýär.
Harby-syýasy bloklardan daşynda
Özbegistanyň köpugurly çemeleşmesi ýurduň halkara guramalara gatnaşmagynda hem öz beýanyny tapýar.
Daşkent ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň beýleki dört döwletini, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Türkmenistany öz içine alýan C5+1 formatynda hyzmatdaşlyk edýär.
Daşkent Russiýany, Hytaýy we Eýrany öz içine alýan "Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň" hem agzasydyr. Özbegistan şeýle hem SSSR-iň dargamagyndan soň döredilen "Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň" (GDA)we "Türki döwletler guramasynyň" hem agzasydyr.
Şol bir wagtda, ýurt Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus we Ermenistan ýaly agza döwletleri bolan "Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde" (ÝYB) synçy statusyna eýedir. Özbegistan Günbatar tarapyndan Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky tas harby birleşme hökmünde garalýan "Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna" (KHŞG) goşulmakdan saklandy.
Alişer Ilhamow Moskwanyň esasy rol oýnaýan birnäçe guramalara doly gatnaşmakdan ýüz öwürilmeginiň Özbegistanyň daşary syýasatda garaşsyzlygyny saklamak islegini hem görkezýändigine ynanýar.
"[Özbegistanyň prezidenti Şawkat] Mirziýow "Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde" (ÝYB) goşulmagyň bäri ýanyndady, ýöne soňra ol saklandy we synçy statusy bilen çäklendi. Şeýle hem, ol "Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna" hem goşulmady. Bu, azyndan häzirlikçe, Özbegistanyň beýleki ýurtlara täsir edýän GDA-dan başga hiç bir guramanyň agzasy däldigini aňladýar" diýip, syýasatşynas belleýär.
"Ol KHŞG-nyň we ÝYB-niň agzasy bolan [köp] Merkezi Aziýa ýurdundan tapawutlylykda, Moskwa tarapyndan gönüden-göni gözegçilik edilýän hiç bir gurama goşulmady. Bu Mirziýowyň köpugurly daşary syýasaty ýöretmek islegini görkezýär" diýip, Ilhamow aýtdy.
Moskwa Daşkendiň Waşington bilen ýakynlaşmagyna syn edýär
Ähli iri döwletler bilen umumy dil tapmak aňsat däl. ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň 18-19-njy oktýabrda Samarkanda eden sapary muňa şaýatlyk edýär. Onuň saparyndan soň, rus we eýran diplomatlary birnäçe beýanat ýaýratdylar, bilermenler bulary Daşkente we tutuş sebite signal hökmünde düşündirdiler.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow owganystanly söweşijileriň bosgunlar we syýahatçylar keşbinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna aralaşmaga synanyşýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle synanyşyklaryň köpüsi Owganystanyň Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýän ýerlerinde hasaba alynýar.
Şol çäräniň dowamynda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu Owganystanda terrorçylyk guramalarynyň 23 müňden gowrak wekiliniň bardygyny aýtdy.
Oktýabr aýynyň ahyrynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Moskwanyň ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň ösüşine syn etjekdigini, netije çykarjakdygyny we jogap berjekdigini aýtdy.
"Eger biz Günbataryň we ABŞ-nyň bu sebit bilen gatnaşyklary ösdürmek esasynda gurjak gatnaşyklary barada gürrüň edýän bolsak, bu bir mesele. Emma biziň ýurdumyza garşy gönükdirilen hereketler ýa-da gatnaşýan ýurtlaryň biziň bilen gatnaşyklary ösdürmekleriniň öňüni almak üçin olary şantaž etmek bolsa, onda bu başga mesele. Biz ähli halkara oýunçylaryň muny nähili edýändigine syn ederis we degişlilikde netije çykaryp, jogap bereris" diýip, Zaharowa aýtdy.
Şeýlelik bilen, Moskwa sebitde Amerikanyň barlygynyň giňelmegine ýakyndan syn edýändigini we Russiýanyň bähbitlerine garşy gönükdirilen diýip hasaplaýan hereketlerine jogap bermek niýetini aýdyňlaşdyrdy.
Eýran bilen Özbegistan Samarkandyň mirasy boýunça jedelleşýärler
Eýran hem diplomatik taýdan jogap berdi.
19-njy oktýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Samarkandyň Registan meýdançasynda ýazgy edilen wideony ýaýratdy. Ol şäheriň global söwdadaky taryhy orny we geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Rubio Eýran barada agzamady. Şol bir wagtda, Eýranyň birnäçe diplomatik missiýasy ýazgyny paýlaşdy we onuň pars siwilizasiýasy baradaky öňki beýanatlaryny ýatlady.
Eýranyň Ermenistandaky we Zimbabwedäki ilçihanalary Registany "pars-yslam siwilizasiýasynyň" bir bölegi diýip atlandyrdylar. Eýranyň Bolgariýadaky ilçihanasy Rubiony ilki Eýran siwilizasiýasyny tankytlamakda, soňra Samarkanda baryp, "pars mirasynyň" fonunda surata düşmekde aýyplady. Şuňa meňzeş beýanatlary Eýranyň ýene-de bäş diplomatik missiýasy çap etdi.
Eýranyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasyndaky hemişelik wekilhanasy ABŞ-nyň döwlet sekretaryna aýratyn maglumat bilen ýüzlendi:
"Akropolda siz siwilizasiýalar barada gürrüň etdiňiz. Samarkant - mirasy Eýran siwilizasiýasy bilen berk baglanyşykly şäherde - sizi taryh bilen has çuňňur söhbetdeşlige çagyrýar. Eger Akropolda edeniňiz ýaly taryhy ýadygärlik fonunda çykyş etmek üçin başga bir mümkinçilik gözleýän bolsaňyz, Samarkantdaky Registan meýdançasyny teklip edýäris. Bu taryh barada gürleşmek üçin dogry ýer. Bu gezek ahlakly sözleri we monologlary bir gyra goýuň. Adamlary diňläň we olardan bir zat öwrenmäge synanyşyň".
Daşkent bu düşündiriş bilen ylalaşmady.
23-nji oktýabrda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň ilçisi Mohammad Ali Iskandarini çagyryp, oňa protest notasyny gowşurdy. Ministrlik eýran diplomatlarynyň Samarkandyň taryhyny birtaraplaýyn düşündirýändigini we ony syýasy maksatlar üçin ulanýandygyny aýtdy. Daşkent jedelli neşirleriň aýrylmagyny we geljekde şuňa meňzeş wakalaryň öňüniň alynmagyny talap etdi.
Özbegistanyň Daşary işler ministrligi Samarkand, Buhara, Hywa we beýleki gadymy şäherleriň sebitiň köp asyrlyk taryhynyň bir bölegidigini nygtady. Ministrlik öz resminamasynda Samarkandyň mirasynyň özbek halkynyň taryhyny, milli däp-dessurlaryny we medeni ösüşini şöhlelendirýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, Daşkent Eýran bilen gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we özara hormaty we ynamy saklamak isleýändigini aýratyn belledi.
Özbegistanyň Ýokary geňeşiniň öňki agzasy Jahongir Muhammad, Özbegistanyň Eýran we ABŞ bilen gatnaşyklaryny bir wagtda ösdürmeginiň kyndygyna ynanýar, sebäbi bu ýurtlaryň sebitdäki bähbitleri gabat gelmeýär.
"Özbegistan Eýran we Amerika bilen gatnaşyklarynda şol bir syýasaty alyp baryp bilmez. Eger Eýrana ýakynlaşsa, Amerika ony halamaz. Eger Amerika ýakynlaşsa, Eýran ony halamaz. Şonuň üçin hemme zady pikir etmeli" diýip, Muhammad pikirini beýan edýär.
"Bilýäňizmi, biz Sowet Soýuzynda ýapyk ýurtdyk. Medeniýetimiz dünýäde SSSR-iň ady bilen görkezildi ýa-da Eýran ýaly döwletler ony öz mirasy hökmünde yglan etdiler. Indi muny düzetmegiň wagty geldi. 35 ýyl geçdi, ýöne biziň alymlarymyz, diňe Özbegistanda däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýada, bu meselä çynlakaý çemeleşmeýärler. Serediň: hatda Ibn Sina hem çeşmelerde pars hökmünde görkezilýär, al-Farabi hem pars hökmünde görkezilýär. Diýmek, olaryň hemmesi pars. Biz bu barada iňlis dilinde ýazmaly we bu garaýyşlary düzetmeli" diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.
Eýranyň ilçisi Özbegistanyň Daşary işler ministrligine çagyrylandan soň, ähli jedelli ýazgylar sosial mediadan aýryldy.
"Eger olar aýrylmadyk bolsa, Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar hasam ýaramazlaşyp bilerdi. Emma olar ýazgylary pozup aýyrdylar" diýip, Muhammad aýdýar.
Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar diňe taryhy we medeni gatnaşyklara däl, eýsem ykdysady bähbitlere hem esaslanýar. Eýran Özbegistanyň daşary söwdasy üçin möhüm üstaşyr ýoldur.
Özbegistanyň Ykdysadyýet we Maliýe ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Eýran arkaly ýurda dört milliard dollara golaý haryt import edildi. Bu bolsa ýurduň umumy importynyň takmynan 9 göterimini emele getirýär.
Gepleşiklere garamazdan, Daşkent bilen Tähranyň arasyndaky möhüm ykdysady gatnaşyklar saklanyp galýar. Şol bir wagtda, syýasatşynaslaryň pikiriçe, Waşington bilen jedelde Özbegistanyň taryhy mirasyny peýdalanmak synanyşygy Eýran üçin belli bir diplomatik ýitgilere getirdi.
Köpugurly syýasat näderejede durnukly bolar?
Her bir iri döwletiň Merkezi Aziýa üçin öz meýilnamalary bar. Russiýa onlarça ýylyň dowamynda bu ýerde gazanan täsirini saklamaga çalyşýar. Hytaý sebitiň ykdysadyýetine we infrastrukturasyna barha köp maýa goýýar. Birleşen Ştatlar tebigy baýlyklar, täze bazarlar we öz pozisiýasyny berkitmek mümkinçiligi bilen gyzyklanýar.
Özbegistan we sebitdäki beýleki ýurtlar üçin bu goşmaça mümkinçilikleriň öňüni açýar. Iri döwletleriň arasyndaky bäsdeşlik olara maýa goýumlaryny, tehnologiýalary çekmäge we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Emma şeýle syýasatyň hem beýleki tarapy bar. Marko Rubionyň Samarkanda saparynyň görkezişi ýaly, Daşkentiň Waşington bilen ýakynlaşmagy beýleki güýçler tarapyndan dürli reaksiýa döredip biler. Eýran bilen bolan jedel bolsa, taryhy miras we syýasy bähbitler meseleleriniň nähili duýgur bolup biljekdigini görkezdi.
Alişir Ilhamow şu wagta çenli Özbegistanyň ýurduň tarap saýlamaga mejbur boljak ýagdaýlaryndan gaça durandygyny pikir edýär. Şol bir wagtda, ol ýurduň taryhynda daşary syýasat boýunça duýdansyz üýtgeşiklikleriň bolandygyny hem ýatladýar.
"Häzirki wagta çenli Özbegistan bir tarapy ýa-da beýleki tarapy saýlamaga mejbur etjek wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolmady. Mirziýoýew şeýle ýagdaýlar bilen entek ýüzbe-ýüz bolmady. [Ilkinji prezident] Yslam Karimowyň tejribesinden tapawutlylykda" diýip, Ilhamow aýdýar.
"Karimowyň özi hemişe bir ugurdan yzygiderli ýöremedi. Onuň ABŞ bilen birneme ýakynlaşmaga synanyşan wagtlary boldy, ýöne soňra Andijan wakalaryndan soň, ol bu gatnaşyklary kesip, Moskwanyň gujagyna oklady. Biz zatlaryň nähili özgerýändigini göreris. Bu uly çykdajylara sebäp bolan bolsa-da, Mirziýowyň köpugurly syýasaty belli bir derejede üstünlikli boldy" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum