Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň banklary “Unistream” bilen işleşmegini togtadýar


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçe banky Russiýanyň “Unistream” töleg ulgamy bilen gatnaşygyny togtatdy. Bu çäre, birnäçe neşiriň ýazmagyna görä, Russiýanyň “Unistream” bankyna garşy girizilen we 20-nji iýyulda belli bolan ABŞ sanksiýalary bilen bagly.

Şeýle-de, bu gezekki sanksiýalar sanawyna Gyrgyzystanyň dört kompaniýasy girizildi.

“Fergana.news” portalynyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň “Halk-bank”, “Ipoteka-bank” we “Kapitalbank” banklary 24-nji iýulda “Unistream” ulgamynyň hyzmatynyň togtadylandygyny habar berdi.

“Economist.kg” neşiriniň ýazmagyna görä, Gyrgyzystanyň “Kompanion”, “Finsa Bank”, “RSK Bank”, “Halyk Bank” we “Kapital Bank” banklary hem şeýle karar kabul etdi.

Täjigistandaky “Orienbank” we “Humo Bank” banklary hem “Unistream” bilen işlemegini bes etdi. TASS habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu respublikada diňe Täjigistanyň Döwlet banky “Unistream” töleg ulgamyna hyzmat etmegini dowam etdirýär.

Gazak metbugaty häzir “Kazpoçta” we “Nurbank” banklarynyň “Unistream” bilen işleşmeýändigini habar berýär.

“Azatutýun” radiosynyň habaryna görä, (Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugy) Ermanistanda bu ulgam häzir “Converse Bank” we “Inecobank” banklarynda işlemeýär.

XS
SM
MD
LG