Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat: Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda 29-njy iýunda açyljak Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar. Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmegi tabşyrandygyny habar berýär.

Bu karar Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan seýsmik taýdan howply zolakda ýerleşýän ýurt bolup, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde köp adam ýitirdi we şondan bäri ýurtda köp gatly jaýlaryň gurluşygyna örän seresap çemeleşilýärdi. Emma soňky onýyllyklarda ýurtda ozal görülmedik derejedäki beýik binalary gurmak kadaly bir ýagdaýa öwrüldi.

Şol bir wagtda, ol binalaryň çalt, bellenen senesinde dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi üçin gyssanmaç, howul-hara gurulýandygy, hil talaplarynyň berjaý edilmeýändigi barada resmi bolmadyk maglumatlar ýaýrady.

Golaýda Türkiýede bolan heläkçilikli ýer titremelerinden soň, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky gurluşyklaryň hili, seýsmik taýdan howply bolan zolaklar hakynda gürrüň edip başladylar.

Türkmen metbugaty ýurduň çäginde bolýan ýer yranmalary barada habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG