Germaniýa ABŞ-nyň Russiýanyň raýaty Wadim Krasikowyň türmeden boşadylmagyny nazarda tutýan islendik tussag çalyşmak ylalaşygyna Alekseý Nawalnyýyň hem goşulmagyny sorady diýip, “The New-York Times” ady aýdylmadyk amerikan resmilerine salgylanyp ýazýar.
"Financial Times" gazetiniň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Krasikow Nawalny, Moskwada tussag edilen amerikan žurnalisti Ewan Gerşkowiç we, içalyçylykda aýyplanyp, Russiýada tussag edilen amerikaly Pol Whelan bilen çalşylyp bilnerdi.
Gazet, Nawalnynyň ölüminden soň, Berliniň "döwlet tarapyndan iberilen ganhor bilen çalyşmak üçin laýyk kandidaty görmeýändigini" ýazýar.
Krasikow öňki meýdan serkerdesini, çeçenistanly Zelimhan Hangoşwilini öldürmekde günäli tapylyp, Germaniýada ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.
Federal prokuraturanyň aýyplamasynda bu jenaýatyň Russiýanyň aňtaw gullugynyň buýrugy esasynda amala aşyrylandygy aýdylýar.
Nawalnynyň çalşylmagy baradaky gepleşikler hakyndaky habar, syýasatçy rus koloniýasynda öleninden soň, žurnalist Ýuliýa Latynina we Germaniýanyň “Bild” habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy.
26-njy fewralda bu maglumaty korrupsiýa garşy halkara gaznanyň müdiri Mariýa Pewçiç hem tassyk etdi.
Latynina, “Bild” we Pewçik ylalaşygyň fewral aýynyň başynda baglaşylmak ähtimallygyny öňe sürýärler. “The New-York Times” gazetiň ylalaşygyň gazanylandygyny tassyklap bilmändigini ýazýar. “Frankfurter Allgemeine Zeitung” neşiriniň çeşmeleri gepleşikleriň ilerlän ýagdaýda, ýagny çözgüde golaý bolandygyny aýtdy.
German hökümeti bu habara resmi taýdan düşündiriş bermedi. Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow FT neşirine bu diýilýän gepleşikler barada özünde maglumat ýokdugyny aýtdy.