Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat: Türkmen-Özbek söwda dolanyşygy $830,3 milliona ýetdi


Türkmne-özbek serhedindäki ýük ulaglary
Türkmne-özbek serhedindäki ýük ulaglary

Türkmen metbugaty Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokarlanýandygyny habar berýär.

“Biznes Türkmenistan” neşiriniň Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýyl ýanwar-sentýabr aýlarynda iki goňşynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 830,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Bu döwürde, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Özbegistan goňşusyndan 700,9 million ABŞ dollaryna durýan önümi import edip, Türkmenistana 129,4 million ABŞ dollaryna barabar bolan önümi eksport edipdir.

Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksporty esasan çig mal bolup, ol ýurduň gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryna esaslanýar.

XS
SM
MD
LG