Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat: Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşar


Aşgabatdaky wiza nobaty. Arhiw suraty
Aşgabatdaky wiza nobaty. Arhiw suraty

“Biznes Türkmenistan” neşiri özbek we eýran resmileriniň Tähranda geçirilen duşuşygyna salgylanyp, özbek ministriniň wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegi teklip edendigini habar berýär.

Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen birinji gün duşuşypdyr.

IRNA habar gullugy taraplaryň göz öňünde tutulýan duşuşygyň çäginde gara ýollaryň we demirýollaryň infrastrukturasyny berkitmek, päsgelçilikleri aradan aýyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmakçy bolýandygyny belleýär.

Şeýle-de, Aziz Abdulhakimow syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üç taraplaýyn duşuşyk geçirmegiň zerurdygyny aýdypdyr.

Habarda aýdylmagyna görä, Özbegistan bilen Eýran şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy.

XS
SM
MD
LG