Türkmenistanyň demirýol işgärleri Owganystannyň Turgundy stansiýasynda ammar toplumyny, ýagny “gury port” gurmagy meýilleşdirýär diýip, türkmen metbugaty iki ýurduň demirýolçularynyň geçiren onlaýn maslahatyna salgylanyp habar berýär.
Maslahat wagtynda ammar toplumyny gurmak we ony dolandyrmak üçin bölünip berilmeli ýer barada taslama jarnamalary boýunça ylalaşyga gelindi
Şeýle-de, Turgundy şäherinde guruljak “gury port” üçin ýatyryljak maýanyň çeşmesi, bölünip berlen umumy meýdan, ammar toplumynyň çak edilýän netijeliligi we türkmen demirýol işgärleriniň bu porty dolandyryş şertleri we strategiýasy maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.