Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa bilen Kiýew howa hüjümlerini alyşýar, Tramp Ukrainanyň toprak eglişigini yşarat edýär

Poltawa sebiti. Hüjümden soňky halas ediş tagallalary. 8-nji noýabr, 2026
Poltawa sebiti. Hüjümden soňky halas ediş tagallalary. 8-nji noýabr, 2026

Moskwa bilen Kiýewiň bir-birege howa hüjümlerini etmegi netijesinde müňlerçe ukrainaly elektriksiz galdy, Orsýetiň Leningrad sebitindäki nebit zawody ot-ýalna gaplandy, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bolsa, Kiýewiň ABŞ araçylygynda baglaşylan islendik parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde territoriýa eglişgine gelmeli bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, biz muny [parahatçylyk ylalaşygyny] amala aşyrarys, bu zatlar bolar we netijede Ukraina biraz başgaça görnüşe eýe bolar" diýip, Tramp 8-nji noýabrda CBS teleýaýlymynyň "60 Minutes" gepleşigine beren interwýusynda, anyklaşdyrmazdan aýtdy.

Ukraina ozal parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde öz territoriýasyny Orsýete hemişelik bermejekdigini aýdyp, berk aýak depipdi, emma Moskwa goşunlary Ukrainanyň basyp alnan ýerlerinde wagtlaýyn bolýan wagtynda Kreml bilen ýaraşyk baglaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

"Biz [konflikti] doňdurmaly" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý geçen aý "Fox News" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy we Kiýewiň muňa "bu urşy soňlamagyň hakyky usuly" hökmünde seredýändigini sözüne goşdy. Soňra ol Ukrainanyň "howpsuzlyk kepilliklerini soramak üçin" "[Trampa] we ýewropalylara ýüz tutjakdygyny" aýtdy.

Orsýet atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlara garşy çykyp, söweşleriň diňe taraplar Moskwanyň talaplaryny, şol sanda rus güýçleriniň söweş meýdanynda heniz basyp almadyk ukrain topraklaryna gözegçiligini hem öz içine alýan giňişleýin parahatçylyk ylalaşygyna gelende togtajakdygyny aýtdy.

Ýüz müňlerçe adam toksuz galdy

Kremliň energiýa nyşanalaryna garşy alyp barýan kampaniýasynyň dowam etmegi bilen, Orsýetiň Ukrainanyň gündogar Dnepropetrowsk sebitindäki energiýa ulgamyna eden hüjümleri adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriň 9-njy noýabr güni irden 600 müň töweregi adamyň elektrik energiýasyny dikeltmek üçin işlemegine sebäp boldy.

Dnepropetrowsk harby serkerdesi Aleksandr Hanža hassahanalaryň dizel generatorlaryna geçmäge mejbur bolandygyny, sebit paýtagty Dneproda elektrik energiýasy bilen işleýän jemgyýetçilik ulaglarynyň togtadylandygyny aýtdy.

Bu şäher uzak wagtlap Ukrainanyň esasy gündogar merkezi bolup, basylyp alnan ýerlerden gelen müňlerçe bosgunyň we ýurduň goranmak tagallalaryny goldaýan meýletinçileriň ýaşaýan ýeri bolup durýar.

"Elektrik kompaniýasynyň işgärleri eýýäm elektrik energiýasyny dikeltmek üstünde işleýär. Orsýetiň ýygydan atýan toplary olaryň tagallalaryna päsgel berýär" diýip, Hanža sosial mediada ýazdy.

Howanyň sowamagyndan peýdalanyp, Kreml 2022-nji ýyldan bäri, gaýta-gaýta howa hüjümlerini güýçlendirdi. Kiýewi parahatçylyk üçin edýän berk şertlerini kabul etmäge mejbur etmek maksady bilen, ol ýurduň energetika desgalaryna we raýat infrastrukturasyna zarba urýar.

Rus hüjümleri 8-nji noýabr agşamy bilen dowam edip, 9-njy noýabryň irki sagatlaryna çenli kesilmedi, ýurduň Poltawa we Odesa sebitlerine güýçli zarbalar uruldy diýip, ukrain resmileri aýtdy.

Poltawa sebitindäki Kremençukda azyndan dört adam ýaralandy diýip, sebitiň harby dolandyryjysy Witaliý Dýakwiniç aýtdy. Ol ýaşaýyş jaýyna we myhmanhana zyýan ýetendigini, zyýan ýeten jaýlardan 15 adamyň alnyp çykylandygyny hem sözüne goşdy.

Ukrainanyň port şäherinde, Odesada, häkimiýetler Orsýetiň elektrik paýlaýyş merkezlerine we beýleki infrastruktura zarba urmak üçin dronlary ulanandygyny, elektrik energiýasynyň gaýtadan kesilmegine sebäp bolandygyny aýtdylar. Üç adamyň ölendigi, ýene bir adamyň ýaralanandygy habar berildi.

"Odesa sebitiniň energiýa pudagyna uly hüjüm edildi. Sebitiň demirgazygynda elektrik togunyň kesilmeleri hasaba alynýar" diýip, harby administrator Oleh Kiper Telegramda ýazdy. "Howa duýduryşlaryna garamazdan, adamlaryň elektrik üpjünçiligini mümkin boldugyça çalt dikeltmek üçin, energiýa işgärleri ellerinden gelen ähli işi edýärler".

Russiýanyň uzak wagt bäri dowam edýn çozuşynda hiç hili eglişik alamatlaryny görkezmezligi bilen, Ukraina soňky bir ýylyň dowamynda öz howa hüjümlerini güýçlendirdi we, Kiýew Orsýetiň Moskwanyň uruş tagallalaryny goldaýan energiýa we harby desgalaryny nyşana alýandygyny aýdýar.

Görnüşinden, Kiýewiň rus territoriýasyna eden şeýle hüjümleriniň iň soňkusynda, Leningradyň gubernatory Aleksandr Drozdenkonyň szölerine görä, Kirişi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyn turdy. Ýangyn öçürilýän wagty, onuň aýtmagyna görä, bir aýal ýokardan gaçan dron galyndylary sebäpli wepat boldy.

Russiýanyň esasy energiýa we deňiz desgalarynyň ýerleşýän ýeri bolan Leningrad sebiti Ukrainanyň demirgazyk serhedinden 700 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýär we 2026-njy ýylda ukrain hüjümleriniň dowamly nyşanasyna öwrüldi.

Abu-Dabi gepleşikleri

Soňky hüjümler Zelenski Orsýeti "bütin ýurdy elektriksiz ýagdaýa salmak" arkaly, ýakyn günlerde Abu-Dabide geçiriljek ABŞ-Ukraina-Russiýa gepleşiklerinden öň iň ýokary derejede basyş görkezmek synanyşygynda aýyplanyndan bir gün soň boldy.

Administrasiýasy 2025-nji ýylyň ýanwarynda başlanan ikinji möhletiniň başyndan bäri konflikti ýatyrmaga synanyşýan Tramp, "uly, owadan ylalaşygyň" ýakyn gelenine ynanýandygyny aýtdy we onuň diňe Ukraina däl, eýsem "bütin Ýewropa" hem täsir ýetirip biljekdigini öňe sürdi.

Kreml öň Ýewropa ýurtlary bilen bagly howpsuzlyk aladalaryny öz Ukraina urşy baradaky meselesiniň diplomatik ýol bilen çözülmeginiň öňünde durýan başga bir päsgelçilik hökmünde häsiýetlendirdi.

Emma muňa garamazdan, Trampyň wekili Jared Kuşner gepleşikleriň her bir ýurduň özygtyýarlylygyna we territorial bitewüligine hormat goýjakdygyny aýtdy we hiç bir döwletiň başga bir döwletiň howpsuzlyk meselesindäki saýlawlaryna ýa-da ýaranlyklaryna weto hukugynyň bolmajakdygyny sözüne goşdy.

Ýewropaly resmiler özleriniň kontinentiň howpsuzlyk geljegini kesgitleýän gepleşiklerden çykarylyp bilinjekdigi barada aýdylýanlary ret etdiler.

"Ýewropalylaryň wekilleri bolar we Fransiýa bu gepleşiklere gatnaşmak üçin Abu-Dabä barar" diýip, Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barrot 8-nji noýabrda RTL telewideniýesine beren interwýusynda, 10-11-nji noýabrda BAE şäherinde geçiriljek duşuşygy nazara alyp aýtdy.

Şeýle-de, Zelenski Trampyň Orsýetiň öz ýurduna garşy alyp barýan giň gerimli urşuny soňlamak üçin täze Ýewropa howpsuzlyk tertibi barada edýän tekliplerine şübhe bildirdi. "Bu ýöne mesele däl we biz üçin howply hem bolup biler" diýip, ol 6-njy noýabrda CNN-e aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet secretary, Abu-Dabä ugramakçy bolýan Marko Rubio, Orsýet bilen aradaky uruş gutaranyndan soň Ukrainanyň we Ýewropanyň görüp biljek "howpsuzlyk infrastrukturasyny" döretmekde käbir ilerlemeleriň edilendigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, prezidentiň yşarat edýän zady - bu arhitekturanyň çaknyşykdan soňky görnüşiniň nähili bolup biljekdigi babatda käbir öňegidişlikleriň bolandygydyr" diýip, ol aýtdy. Ol sözüniň üstüni ýetirip, "häzir hiç zat gutarnykly däl we, belki, Abu Dabide käbir öňegidişlikler gazanylyp bilner" diýdi.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

​
XS
SM
MD
LG