Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýärkä, Russiýada parlament saýlawlary tamamlandy

Russiýanyň liberal "Ýabloko" partiýasynyň lideri Nikolaý Rýbakow 20-nji sentýabrda Sankt-Peterburgdaky saýlaw uçastogynda saýlaw býulletenine "Parahatçylyk üçin" diýlip ýazylan ýazgy bilen ses berýär.
Russiýanyň liberal "Ýabloko" partiýasynyň lideri Nikolaý Rýbakow 20-nji sentýabrda Sankt-Peterburgdaky saýlaw uçastogynda saýlaw býulletenine "Parahatçylyk üçin" diýlip ýazylan ýazgy bilen ses berýär.

20-nji sentýabrda Russiýadaky parlament saýlawlarynda ses berişlik tamamlanan we muňa parahatçylyga çagyrýan syýasy partiýanyň gatnaşmagyna rugsat berilmedik mahaly, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam etdi.

Garaşylyşy ýaly, berk gözegçilik astyndaky saýlawlarda Kremliň gözegçiligindäki “Bitewi Russiýa” partiýasynyň uly ýeňiş gazanmagyna garaşylýardy. Bu saýlaw, prezident Wladimir Putin 2022-nji ýylda Ukraina doly göwrümli çozuş etmek barada buýruk bereli bäri Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Döwlet Dumasynyň deputatlaryny saýlamak üçin geçirilen ilkinji ses berişlikdir.

Saýlaw uçastoklarynda ses berişlikler tamamlanandan gysga wagt soň, Merkezi saýlaw komissiýasy partiýa sanawy boýunça umumymilli ses berişlikde býulletenleriň takmynan 25 prosentiniň sanalandygyny, “Bitewi Russiýa” partiýasynyň sesleriň 57% -den gowragyny alandygyny yglan etdi.

Şeýle-de, Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatlary Russiýanyň iň belli liberal syýasy partiýasy bolan “Ýabloko” partiýasyndan hiç bir dalaşgäriň Döwlet Dumasy üçin geçirilen saýlawlardaky bir mandatly okruglaryň hiç birinde häzirlikçe öňde gitmeýändigini hem görkezdi.

18-20-nji sentýabr aralygynda geçirilen berk gözegçilik astyndaky saýlaw prosesinde saýlawçylar “Bitewi Russiýa” bilen birnäçe “sistematik oppozisiýa” partiýalarynyň arasynda saýlap bildiler. Tankytçylar bu partiýalaryň diňe simwoliki görnüşde plýuralizmiň keşbini döredendigini, ýöne olaryň esasann Kremle wepalydygyny aýtdylar.

“Bu, Putine Ukraina garşy urşy has-da wagyz etmek üçin mümkinçiligini berdi, mysal üçin, köpüsi syýasy wezipelere dalaş eden uruş weteranlaryny wasp etmek arkaly” diýip, “GLOBSEC” analitiki merkeziniň syýasat we maksatnamalar boýunça direktory Dominika Hajdu 20-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Russiýada hakyky syýasy oppozisiýa basylyp ýatyrylýar, hatda kiçijik närazylyk hereketleri hem - internetde ýa-da hakyky dünýäde - köplenç agyr türme tussaglygyna, işden çykarylmaga ýa-da başga jeza çärelerine eltýär.

Söweşler dowam edýär

Ukraina 20-nji sentýabrda Russiýa dronlar we raketalar bilen zarba urup, Moskwanyň häkiminiň aýtmagyna görä, rus paýtagtyna “häzirki wagta çenli bolan iň uly” hüjümi amala aşyrdy, şol bir wagtyň özünde Ukraina Russiýanyň dron hüjümleriniň ýurduň dürli künjeklerinde köp sanly nyşanalara hüjüm edendigini habar berdi.

Ruslar ses berýän mahaly, olaryň ýurtlarynyň Ukraina garşy urşy dowam etdi. Ukrainanyň harby güýçleri 138 sany rus hüjümçi uçarynyň ýurduň 17 ýerine hüjüm edendigini habar berdiler. Ukrain häkimiýetleri Kiýew sebitine edilen hüjümlerde dört adamyň, şol sanda üç çaganyň ölendigini we olaryň biriniň dört ýaşyndadygyny aýtdylar.

Kiýew resmileri Russiýanyň tutuş günüň dowamynda, gysga arakesmeler bilen, ukrain paýtagtyny nyşana almagyny dowam etdirendigini we ýaşaýjylar agşam şäheriň üstünde güýçli partlamalaryň eşidilýändigini habar berdiler.

Şeýle-de, ukrain güýçleri Russiýanyň territoriýasyna hüjüm edip, Moskwanyň etegindäki Kapotnýadaky iri nebiti gaýtadan işleýän zawod zarba urdular. Paýtagtyň töweregindäki sebitiň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlaryna edilen dron hüjümlerinde iki adamyň – 44 ýaşly aýalyň we gartaşan adamyň – ölendigini aýtdylar.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin Ukrainanyň bir gijäniň dowamynda Russiýa tarap 1600 sany dron uçurandygyny we olaryň 400-den gowragynyň Moskwa gönükdirilendigini aýtdy. Ol şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň birine zarba urlandygyny, ýöne Moskwada hiç kimiň heläk bolmandygyny hem belledi.

Sobýaniniň getiren sanlary ukrain çeşmeleri tarapyndan tassyklanmady. Şeýle-de, bulary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmady. Rus harbylary öz güýçleriniň 1100-den gowrak drony urup gaçyrandygyny aýtdy.

Rus häkimiýetleriniň we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň aýtmagyna görä, ukrain güýçleri hüjümleriň dowamynda ýurtda öndürilen “Flamingo” atly ýerli kruiz raketalaryny hem ulandylar. Zelenskiý Ukrainanyň “Pelikan” atly gysga aralyga niýetlenen täze ballistik raketalar bilen hem hüjüm edendigini aýtdy.

Rus resmileri Ukrainanyň hüjümleriniň saýlaw prosesine päsgel bermäge gönükdirilendigini aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, saýlaw uçastoklaryna hüjüm edilendigi barada hiç hili habar berilmedi we hüjümler gije, saýlaw uçastoklarynyň ýapyk wagtynda boldy.

Muňa derek, bu hüjümler Orsýetiň nebit önümlerini gaýtadan işlemek we eksport etmek ukybyny birnäçe aý bäri çäklendirýän bir kampaniýanyň dowamy ýaly görünýär. Ukrain hüjümleri Kremliň uruş tagallalaryny maliýeleşdirmekde möhüm rol oýnaýan pudaga täsir etdi. Şeýle hem bu, ýangyç ýetmezçiligi we ýangyç guýujy beketlerde nägile sürüjileriň uzyn nobatlary arkaly, urşuň netijeleriniň adaty rus raýatlarynyň gündelik durmuşyna girmegine sebäp boldy.

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň 56 prosentden geçendigini we munuň 2021-nji ýylda geçirilen soňky Duma saýlawlaryndan bäş prosent ýokarydygyny öňe sürdi.

Putin çärýek asyrdan gowrak wagt ozal häkimiýete geleninden bäri, Kreml närazylyklary barha köp basyp ýatyrdy, syýasy garşydaşlaryny çetleşdirdi, saýlawlary manipulýasiýa etdi we garaşylmadyk ýagdaýyň bolmagy üçin az ýer galdyrdy.

Üç gün dowam eden ses berişlik döwründe – şeýle-de käbir sebitlerdäki irki ses berişlik wagtynda – düzgün bozulmalarynyň bolandygy baradaky habarlar köpeldi.

Makala AÝ/AR-nyň Rus we Ukrain gulluklarynyň hem-de "Current Time" teleýaýlymynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy we gysgaldylan görnüşde çap edildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG