Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa eger-de ÝB Russiýanyň doňdurylan serişdelerini ulansa, deňeçer jogap berjekdigini aýdýar


Russiýanyň maliýe ministri Anton Siluanow
Russiýanyň maliýe ministri Anton Siluanow

Russiýa eger-de Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň doňdurylan serişdelerinden gelen girdejileri Ukraina bermek planlaryny durmuşa geçirse, onda özüniň hem deňeçer ädim bilen jogap berjekdigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Merkezi bankynyň doňdurylan 300 milliard dollar serişdelerinden gelen girdejileri ulanmak barada gürrüň edýär. Munuň bilen, 16 milliard dollara çenli serişde toplap boljakdygy çaklanylýar.

“Bizlerde hem doňdurylan serişdeler ýeterlik” diýip, maliýe ministri Anton Siluanow 21-ji dekabrda rus döwlet kanalynda çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG