Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa tarapdar separatistler rus serkerdesiniň Ukrainada öldürilendigini aýdýarlar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň 31-nji desantçylar brigadasynyň serkerdesi, polkownik Andreý Kondraşkin Ukrainanyň ýaragly güýçleri bilen dowam edýän çaknyşyklarda öldi diýip, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde söweşýän orsýetçi separatistleriň goşun serkerdesi 18-nji sentýabrda aýtdy.

Aleksandr Hodakowskiý hiç bir jikme-jikligi aýtmady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu beýanaty edil häzire çenli tassyklamady.

Ukrain metbugaty Kondraşkiniň ýolbaşçylyk edýän harby bölüminiň häzirki wagtda Bahmut şäheriniň golaýynda ýerleşýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG