Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ÝB ýurtlarynyň 81 neşiriniň Russiýadaky elýeterliligini petikledi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýa 25-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň 25 ýurduna degişli dürli habar serişdeleriniň 81 sanysyna elýeterliligiň gadagan edilendigini yglan etdi. Bu çäre ÝB-niň maý aýynda Russiýanyň birnäçe habar serişdesine girizen gadaganlygyna jogap, ar alyş hökmünde düşündirildi.

ÝB-niň girizen gadaganlygynda "Kreml bilen baglanyşykly propaganda torlary" hökmünde häsiýetlendirilen dört neşir, “Ýewropanyň sesi”, RIA Nowosti habar gullugy, “Izwestiýa” we “Rossiýskaýa Gazeta” diýlip atlandyrylýan habar serişdeleri bileleşigiň çägindäki ýaýlym hukuklaryndan mahrum edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ar almak üçin gadagan edýändigini aýdýan 81 neşiriniň arasynda AFP (Agence France-Presse), Germaniýanyň “Der Spiegel” we “Frankfurter Allgemeine Zeitung”, Fransiýanyň “Le Monde” we “Liberation”, Ispaniýanyň “El Pais” we Italiýanyň “La Stampa” we “La Repubblica” neşirleri bar.

Awstriýanyň ORF döwlet telekompaniýasy, Irlandiýanyň RTE ýaýlymçysy we Ispaniýanyň EFE habar gullugy hem gadagan edilen neşirleriň sanawyna girizildi.

Gadagan edilenler sanawyna metbugat serişdesi girizilmedik Ýewropa ýurtlary diňe Horwatiýa we Lýuksemburg boldy.

Ministrlik bu neşirleri Russiýanyň Ukrainada geçirýän “ýörite harby operasiýasy” diýilýän barada "yzygiderli ýagdaýda nätakyk maglumat bermekde" aýyplady.

"Russiýa Federasiýasy dürli derejelerdäki içerki žurnalistlere syýasy sebäpler esasynda azar berilmeginiň we rus metbugatyna esassyz gadaganlyk girizilmeginiň jogapsyz galmajakdygyny birnäçe gezek duýdurdy" diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

"Emma muňa garamazdan, Brýussel we Bileleşik ýurtlarynyň paýtagtlary esklasiýa, gyzdyrmak ýodasyny eýermegi saýladylar we Moskwany degişli we barabar çäreleri görmäge mejbur etdiler" diýip, ministrlik aýtdy.

Şeýle-de, Russiýa öz beýanatynda ÝB RIA Nowosti, “Izwestiýa” we “Rossiýskaýa Gazeta” garşy girizen gadaganlyklaryny aýyrsa, bu gadagançylyga gaýtadan serediljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matthew Miller bu göçümiň rus hökümetiniň žurnalistikany basyp ýatyrmak üçin edýän tagallasynyň ýene bir alamaty bolandygyny aýtdy.

"Olar öz halklarynyň hakykaty eşitmeginden gorkýarlar; Russiýanyň Russiýanyň içinde edýän hereketleri, hökümetiň öz halkyny basyp ýatyrmak üçin görýän çäreleri, Russiýanyň öz goňşusyna goşun sürmegi, goňşusynyň ýerlerini bikanun basyp almagy baradaky hakykatlary eşitmeklerinden çekinýärler" diýip, Miller sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin ÝB-niň rus habar beriş serişdelerine girizen gadaganlygy Günbataryň başga islendik nukdaýnazary kabul etmekden ýüz öwürýändigini görkezdi diýdi.

Awstriýanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň bu kararyny tankytlady we Russiýanyň Wenadaky ilçihanasynyň jogapkär wekilini bu mesele barada gürleşmäge çagyrdy.

"Bu karar, beýle geň galdyryjy bolmasa-da, [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň köpçülikleýin habar serişdeleriniň dürlüligini basyp ýatyrmak we netijede öz ilatyny garaňkylykda saklamak üçin ädýän ädimi bolup durýar" diýip, ministrlik aýtdy.

Moskwa Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri Russiýada bir milliondan gowrak web sahypany, şol sanda Facebook, Instagram we X platformalaryny, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ýaly garaşsyz neşirleriň web sahypalaryny petikledi. Ruslar bu petiklerinden aýlanyp geçmek üçin VPN hyzmatlaryndan peýdalanýarlar we, häkimiýetler bu hyzmatlaryň hem gaýta-gaýta öňüni baglaýarlar.

Forum

XS
SM
MD
LG