Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada adamlar toplanýar, howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, Nawalny soňky ýoluna ugradylýar

Moskwada, gümürtik ýagdaýda türmede ýogalan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynynyň soňky ýoluna ugradylýan ybadathanasynyň, Hudaýyň ejesiniň nyşany kilisesiniň we merhumyň jaýlanjak ýeri bolan Borisowskoýe gonamçylygynyň golaýyndaky köçelerde, howpsuzlyk işgärleriniň daşlaryny gurşap almagynda, elleri gülli on müňlerçe adam hatara durdy.

Gonamçylygyň girelgesinden düşürilen wideo, resminamalaryň we şahsy goşlaryň barlanmagynyň we polisiýa gözegçiliginiň arasynda, bu ýerdäki çäklendirmeleriň adamlarda döreden dargynlylygyny görkezýär. Habar serişdeleriniň käbiri bu sebitdäki mobil internet hyzmatynyň ýapylandygyny aýtdy.

Öňki metbugat wekili Kira Ýarmyşyň sözlerine görä, ýas dabarasy 1-nji martda, ýerli wagt bilen öýlän sagat 2-de, Nawalnynyň ýaşan ýeri bolan Marýino etrabynyň ybadathanasynda başlanmaly edildi. Soň ol ýerli wagt öýlän sagat 4-de Borisowskoýe gonamçylygynda jaýlanar diýip, habarda aýdyldy.

Ýarmyş başga bir ýazgysynda däp-dessur hyzmatlarynyň Nawalnynyň jesedini Moskwa morgundan ybadathana äkitmekden ýüz öwrendigini, ýöne soňky minutda muňa razy bolandygyny aýtdy.

"Alekseýiň jesedi garyndaşlaryna berildi, onuň tabydy ýakyn wagtda ybadathana ugradylar" diýip, Ýarmyş ýazdy.

Marýino metro stansiýasyndan ybadathana we gonamçylyga barýan ýoluň boýunda demir haýatly koridory döredildi. Ýerli habar serişdeleriniň habar bermegine görä, haýatlar Brateýewskiý köprüsiniň pyýada ýörelgelerini hem öz içine alýar, howpsuzlyk güýçleri Moskwa derýasynyň iki kenarynda hem geçip barýanlaryň resminamalaryny we şahsy zatlaryny barlaýar.

“Sota” neşiriniň maglumatyna görä, 1-nji mart güni irden dürli ululykdaky polisiýa ulaglarynyň azyndan 40 sanysy, awtoulaglardan ýörite awtobuslara çenli, ybadathananyň golaýynda ýerleşdirildi. Pitnä garşy polisiýanyň balaklawa geýen işgärleri bu töweregi berk gözegçilikde saklaýarlar.

“Mediazonanyň” habarçysy jübi telefonlarynda internetiň kesilýändigini gördi. “Insider” bir gün mundan öň, howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky aragatnaşyk üçin, ybadathananyň golaýynda antenna gurlandygyny habar berdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow wideoşekilli maslahat wagtynda, žurnalistleriň üsti bilen, Nawalnyny goldaýan islendik rugsat berilmedik ýygnanyşygyň kanunyň bozulmagy hasaplanjakdygyny, polisiýanyň mähelläniň garşysyna derhal çäre görjekdigini duýdurdy.

Şeýle-de, ol Kremliň Nawalna syýasatçy hökmünde garamaýandygyny we Nawalnynyň maşgalasyna aýtjak zadynyň ýokdugyny aýtdy.

"Emma biziň Kremle - Alekseýiň ganhorlaryna aýtjak zadymyz bar" diýip, Ýarmyş muňa twitterde jogap berdi.

Kreml Nawalnynyň ölümine ilteşiklidigini ýa-da bu meseledäki jogapkärçiligini birnäçe gezek inkär etdi.

Ýarmyş bu çäre gatnaşyp bilmeýänler üçin, jaýlanyşyň YouTube kanalynda göni efirde görkeziljekdigini aýtdy.

Ýas çäresine näçe adamyň gatnaşjakdygy aýdyö bolmady. Ýurduň dürli künjeklerinde, diňe Nawalnynyň hatyrasyna gül çemenlerini goýandyklary üçin, ýüzlerçe russiýaly tussag edildi.

Nawalny soňky ýoluna ugradylýar
Nawalny soňky ýoluna ugradylýar

Russiýanyň tanymal raýat hukuklary aklawçysy, ýurdy terk eden Iwan Pawlow rus häkimiýetleriniň jaýlanyş çäresini “islenmeýän köpçülikleýin waka” hasaplajakdygyny we oňa gatnaşanlaryň sanynyň az bolmagyny gazanmaga synanyşjakdygyny aýtdy.

"Men ol ýerde her tarapdan polisiýa berkitmeleriniň we wideo gözegçiliginiň boljakdygyna şübhelenmeýärin" diýip, ol aýtdy. “Öňüni alyş çäresi hökmünde, olar belli aktiwistleri polisiýa bölümlerine çagyrarlar ýa-da duýduryş bermek üçin öýlerine baryp görerler. Biz muny bireýýäm gördük” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Uly prawoslaw dabaralarynda ýas tutýanlara adatça açyk tabydyň ýanyndan geçmäge mümkinçilik berilýär we ruhanynyň ýolbaşçylygynda, horuň gatnaşmagynda, bilelikde ýas çäresi geçirilýär.

Ol bu ýas çäresinden soň Moskwa derýasynyň beýleki tarapynda, takmynan 2 km uzaklykda ýerleşýän Borisowskoý gonamçylygynda jaýlanar.

Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň öňki başlygy Iwan Ždanow hem metbugatda jaýlanyş çäresine diňe merhumyň garyndaşlarynyň gatnaşmagyna rugsat beriljekdigi barada myş-myşlaryň bolandygyny aýtdy.

“Bizde beýle maglumat ýok. Biziň bilşimize görä, ybadathana hemmeler üçin açyk bolar" bolar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Nawalnynyň topary Kreml tankytçysynyň dünýäniň beýleki ýerlerindäki tarapdarlaryna ýüzlenip, olary öz ýaşaýan ýerlerindäki wagta görä, öýlän sagat 7-de ýygnanyşmaga çagyrdy.

"biz her kimiň 1-nji martda, Alekseý Nawalny bilen hoşlaşmak üçin Moskwa gelip bilmejekdigine düşünýäris" diýip, toparyň telegramdaky beýanatynda aýdylýar.

“Onuň hatyrasyny tutmak, hormat goýmak üçin, ýerli wagt bilen öýlän sagat 7-de öz şäheriňizdäki ýadygärlige gidiň” diýip, syýasatçynyň egindeşleri ýazdy.

Nawalnynyň jesedi ejesi Lýudmila Nawalnaýa 24-nji fewralda, Russiýanyň Arktika sebitindäki türmede "tebigy sebäplerden" öleninden bir hepde gowrak wagt soň berildi. Resmiler bu barada goşmaça maglumat bermediler.

Jeset berilmezinden öň Nawalnaýa häkimiýetleriň oglunyň nirede, haçan we nädip jaýlanmalydygyny kesgitländigini aýtdy. Ol häkimiýetleriň maşgalanyň ony ýuwaşlyk bilen jaýlamaga razy bolmagyny isleýändigini we razy bolmasalar, merhumyň türmede jaýlanjakdygyny aýdandyklaryny gürrüň berdi.

Nawalnynyň dul galan aýaly Ýuliýa mundan öň oppozisiýa syýasatçysynyň maşgalasynyň onuň jesedini almak we jaýlanyş çäresini guramak üçin bir hepde söweşendigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG