Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň esasy nebiti gaýtadan işleýän zawodyna birnäçe günde ikinji zarba uruldy

Massive Ukrainian Drone Strike Targets Moscow Region's Largest Fuel Supplier
Massive Ukrainian Drone Strike Targets Moscow Region's Largest Fuel Supplier
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin 18-nji iýunda irden Moskwa regionynyň iň uly ýangyç üpjün ediji desgasy bolan Moskwanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna dronlaryň hüjüm edendigini aýtdy.

Sobýanin bu wakany Orsýetiň paýtagtyna edilen uly dron hüjümi hökmünde häsiýetlendirip, 180 dronyň "Moskwa golaýlanda urlup düşürilendigini" öňe sürdi.

Şeýle-de bolsa, ol birnäçe dronuň Kapotnýa etrabynyň günorta-gündogaryndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ýetip bilendigini we onuň netijelerini aradan aýyrmak üçin çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý ukrain güýçleriniň şu hepdede Moskwanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ikinji gezek hüjüm edendigini tassyklady.

"Bu, biziň şäherlerimize we jemgyýetlerimize edilen rus hüjümlerine doly esaslandyrylan jogap we söweşijilerimiziň Orsýetiň harby maşynyny goldaýan desgalara garşy işiniň ýene bir möhüm netijesidir" diýip, ol X-de ýazdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha hem X-däki ýazgyda Moskwa edilen hüjüm barada pikir bildirip, Orsýetiň Ukraina garşy agressiýaly urşuny başlandygyny we ýyllarboýy onuň halkyny öldürýändigini aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi howa hüjümlerinden goranmak ulgamlarynyň bir gijede ençeme sebitde, şol sanda Moskwa regionynda, Krymda we Azow deňzinde 555 ukrain pilotsyz uçaryny tutup, ýok edendigini aýtdy.

Şeýle-de, habarlarda tussag edilen pilotsyz uçarlaryň galyndylarynyň Moskwanyň iň uly lomaý we bölek söwda bazarlarynyň biri bolan Sadowod bazarynyň territoriýasyna düşendigi aýdylýar.

Moskwanyň welaýat häkiminiň sözlerine görä, pilotsyz uçaryň hüjüminde köp gatly ýaşaýyş jaýyna we birnäçe hususy jaýlara hem zeper ýetipdir.

"Moskwa sebitinde pilotsyz uçaryň hüjümi netijesinde 16 adam, şol sanda iki çaga ýaralandy" diýip, Andreý Worobýow 18-nji iýunda Telegram-da ýazdy.

Hüjümlerden soň Kremliň kömekçisi Zelenskiniň rus kärdeşi bilen ýüzbe-ýüz duşuşygynyň mümkinçiliginiň peselendigini aýtdy.

"Kiýew režiminiň täze hüjümleri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen şahsy gatnaşyklary ýakynlaşdyrmaýar" diýip, rus metbugatynda Ýuriý Uşakowyň 18-nji iýunda aýdan sözleri sitirlendi.

Rus Telegram kanallary şaýatlara salgylanyp, hüjümden soň ýangynlaryň we şäheriň üstünde goýy tüssäniň bolandygyny habar berdiler. Orsýetiň Rostow we Belgorod sebitlerinde hem hüjümleriň bolandygy habar berildi.

Russiýanyň “Astra” telegram kanaly Rostow sebitindäki Gukowodaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda hüjüm sebäpli ýangynyň bolandygy, Belgorod sebitindäki Şebekinoda bolsa ýanýan materiallar saklanýan ammaryň ýanýandygy barada habar berdi.

Şol sebitlerdäki häkimiýetler zarba sezewar bolan desgalar barada jikme-jik maglumat bermediler.

Ukrain harbylary heniz hüjümler barada düşündiriş bermediler.

Kapotnýadaky Moskwanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna şu hepdäniň başynda hem, 16-njy iýunda zarba urlupdy.

Şol hüjümden soň, “Reuters” iki anonim senagat çeşmesine salgylanyp, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň öz işini togtadandygyny habar berdi.

“Reuters” agentliginiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, döwlet tarapyndan dolandyrylýan energiýa ägirdi “Gazprom”-yň nebit bölümi bolan “Gazpromneft” kärhanasyna degişli we Moskwanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawodyna edilen hüjüm zawodyň kuwwatynyň 53 [prosentini] üpjün edýän ilkinji gaýtadan işleýän bölümine zyýan ýetiripdir.

Ukrainanyň Baş ştaby 16-njy iýunda Moskwanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Orsýetiň harby güýçlerini üpjün etmekde rol oýnaýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu desga Moskwa regionynda ýangyç sarp edilişiniň 38 prosentinden gowragyny we Domodedowo, Wnukowo, Şeremetýewo we Jukowskiý aeroportlaryna awiasiýa ýangyjynyň iberilmegini üpjün edýär. Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň ýyllyk gaýtadan işlemek kuwwaty adatça 12 million tonnadan gowrak nebitden ybarat.

Mundan öň Moskwada we onuň töweregindäki sebitlerde täze howa goranyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyny yzarlaýan Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň golaýynda "Pantsir" howa goranyş ulgamy üçin diňiň ýaňy-ýakynda gurlandygyny, ýöne heniz raketa ulgamynyň özi bilen enjamlaşdyrylmandygyny habar berdi.

Ukrain güýçleri Russiýanyň nebit senagatynyň desgalaryny yzygiderli nyşana alýarlar.

Maý aýynyň ahyrynda "Reuters" Ukrainanyň dron hüjümleriniň Orsýetiň merkezindäki ähli iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlary önümçiligini togtatmaga ýa-da azaltmaga mejbur edendigini habar berdi.

Belgorod we Rýazan oblastlarynyň, Krasnodar ülkesiniň we Orsýetiň başga-da birnäçe böleginiň ýaşaýjylary ozal benzin we dizel ýangyjynyň ýetmezçiliginden şikaýat edipdiler.

Birnäçe sebitde ýangyç satuwyna çäklendirmeler girizildi, şol sanda Moskwadaky iri ýangyç guýujy stansiýalarynda benzin satyn almakda çäklendirmeler girizildi.

Şol bir wagtyň özünde, Ukrainanyň Howa güýçleri rus güýçleriniň gije Ukraina ýedi sany "Iskander-M/S-400" kysymly ballistik raketasy we 239 sany hüjümçi dron bilen hüjüm edendigini 18-nji iýunda habar berdi.

Orsýetiň ballistik ýaraglarynyň howpy sebäpli gijäniň dowamynda Ukrainanyň birnäçe sebitinde howa hüjümi barada duýduryş yglan edildi we paýtagt Kiýewde hem-de merkezi Poltawa şäherinde partlamalaryň sesleri eşidildi.

Orsýetiň güýçleri gijäniň dowamynda Poltawa regionynyň iki etrabyna, şol sanda energiýa desgasyna hüjüm etdiler, netijede bu elektrik togunyň kesilmegine getirdi, bir adam ýaralandy we hassahana ýerleşdirildi diýip, sebit häkimiýetleri habar berdi.

XS
SM
MD
LG