Talybanyň dolandyryşy astynda durmuşy berk çäklendirilen owgan zenanlary Instagram, TikTok we YouTube ulgamlarynda özlerini tanatmaga girişdiler. Olar öýde nahar taýýarlaýşyny, bazarda söwda edişini ýa-da dostlary we garyndaşlary bilen duşuşyklaryny görkezýärler.
Käbirleri Kabulyň köp adamly söwda köçelerini, asuda çet köçelerini ýa-da täze restoranlary we kafeleri wideo düşürýärler. Beýlekiler tebigata üns berýärler, olaryň biri bolsa şygyr okamak bilen öz ýoluny tapypdyr.
Köpüsi üçin bu gazanç etmegiň ýoluna öwrüldi. Beýlekiler üçin bolsa Talybanyň basyşyndan azat şahsy giňişlik boldy.
Maliýe garaşsyzlygy
Narges Bader sosial ulgamlarda giňden tanalýan, köp sanly yzarlaýjysy bolan şahsa (influensere) öwrülmek üçin ilkinji ädimlerini 2023-nji ýylyň oktýabrynda ädendigini aýdýar. Şol wagt gyzlar üçin orta mekdepleriň we zenanlar üçin uniwersitetleriň gapylary ýapykdy, onuň okuwyny dowam etdirmäge mümkinçiligi ýokdy.
«Işim ýa-da hünärim bolmansoň, özümi meşgullandyrmak üçin manyly bir zat tapmak isleýärdim. Şeýle hem maliýe taýdan garaşsyz bolmak isleýärdim» diýip, Kabulyň 22 ýaşly ýaşaýjysy aýtdy.
Talyban 2021-nji ýylda häkimiýete gaýdyp geleli bäri, gyzlaryň orta mekdeplerde, zenanlaryň uniwersitetlerde okamagyny gadagan etdi we zenanlaryň köp sanly jemgyýetçilik ýerlerine barmagyny çäklendirdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan zenanlaryň köpüsi maliýe garaşsyzlygyny gazanmak üçin influenser bolandyklaryny aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, bu iş hakykatdan-da girdeji getirip bilýär.
«Kabulda meşhur influenser işini yzygiderli alyp barsa, mahabatdan gazanýan puly bilen öz çykdajylaryny ýapyp biler» diýip, influenserleriň biri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Emma Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynyň uzak, oba ýerleriniň biri bolan Şugnanda ýaşaýan Sara Firuz entek beýle girdeji gazanyp bilenok.
21 ýaşly Firuzyň saýlan ugry şygyrdyr. Ol Pamir daglaryndaky obasynyň derýasyny, agaçlaryny we tebigatyny arka görnüş edip, Owganystanda, Täjigistanda we Eýranda meşhur bolan nusgawy pars şygyrlaryny okaýar. Şeýle hem ýerli şugnan dilindäki goşgulary paýlaşýar.
Firuz 2025-nji ýylda influenser bolmagy ýüregine düweli bäri, 14,400 töweregi yzarlaýjy toplapdyr. Obasynda ol «ýerli meşhur» hasaplanýar. Emma ol entek bu işden pul gazanmandyr.
«Hasabymdan heniz hiç hili girdeji gazanmadym. Şonuň üçin çykdajylarymy ýapmak üçin goşmaça iş, tikinçilik bilen meşgullanmaly bolýaryn» diýip, ol aýtdy. Firuz üçin bu, ilkinji nobatda, söýüp edýän işidir.
Ol sosial ulgamlardaky işi sebäpli hiç kimiň garşylygyna duş gelmändigini aýdýar.
«Meni çäklendirýän ýeke-täk zat internetiň tizliginiň pesligi we elektrik ýetmezçiligi. Bu, aýratyn-da gyşda, Wi-Fi aragatnaşygyny kesýär» diýip, Firuz Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Bader bolsa has öňe gitdi. Ol ilki okan kitaplary barada gürrüň bermekden başlapdy.
Instagram we TikTok ulgamlaryndaky yzarlaýjylarynyň sany birnäçe müňe ýetende, zenanlar üçin el sumkalaryny öndürýän kiçi işini açdy we onuň üçin aýratyn hasap döretdi.
«Şahsy hasabymda eýýäm belli bir derejede yzarlaýjym bardy. Şondan peýdalanmagy makul bildim. Surat we wideo düşürmegi, olary redaktirlemegi öwrendim» diýip, Bader aýtdy.
Häzir dürli platformalardaky şahsy we iş hasaplarynyň yzarlaýjylarynyň umumy sany 100 müňe golaýlaýar. Bularyň ählisini öz güýji bilen gazanandygyny aýdýan kabully ýaş zenan üçin bu uly üstünlikdir.
«Muny maňa hiç kim öwretmedi»
Üstünlik gazananlar, adatça, iki ýoluň birini saýlaýarlar: meşhurlygyndan peýdalanyp öz işini ösdürýärler ýa-da şahsy sahypasyny alyp baryp, mahabatdan gazanç edýärler.
Asra Safi birinji ýoly saýlady. Ol köp sanly yzarlaýjysyna daýanyp, täze iş açdy we ony zenan köýneklerini hem-de hijaplary satýan üstünlikli kärhana öwürdi.
«Adaty owgan maşgalalarynda eklenji erkekler gazanýarlar. Emma köp zenan hem maliýe taýdan garaşsyz bolmak isleýär» diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
«Muny maňa hiç kim öwretmedi. Hemmesini özüm noldan başladym. Elmydama özüme ynamym bardy» diýip, Safi aýtdy.
Ýurt demirgazygyndaky Mazari-Şarif şäherinde adynyň aýdylmazlygyny soran 23 ýaşly bir zenan hem on müňlerçe yzarlaýjy toplap, influensere öwrülenden soň daşary ýurtdaky tomaşaçylaryna hyzmat edýän iş açypdyr.
Onuň yzarlaýjylarynyň köpüsi Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan owganlar. Bank ulgamynyň kadaly işlemeýändigi we halkara eltip beriş hyzmatlarynyň ýoklugy sebäpli, olaryň käbirleri oňa hat ýazyp başlapdyrlar. Olar resmi däl pul geçirijiler arkaly pul iberip, maşgalalary üçin tort, gül ýa-da sowgat satyn almagyny we eltip bermegini haýyş edipdirler.
Ol munuň iş mümkinçiligidigine düşünip, bu haýyşlary ýerine ýetirmekden daşary ýurtdan sowgat sargyt edilýän hyzmaty ýola goýmaga geçipdir.
«Başda kynçylyk çekdim. Bir ýa-da iki müşderim bolýardy. Bu işiň asla ýörejekdigine ynamym ýokdy» diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Ahyrsoňy iş ýola düşüpdir we häzir bu hyzmat onuň maşgalasy üçin durnukly girdeji çeşmesine öwrülipdir.
Bader üçin bolsa bu indi esasy işe öwrüldi. Ol birnäçe adamy, şol sanda öz hasaplary üçin wideo düşürýän we olary redaktirleýän doganlaryny hem iş bilen üpjün edýär. Onuň aýtmagyna görä, maşgalasy ony «doly goldaýar».
Bader internetdäki işiniň öz kadalary, däp-dessurlary we çäklendirmeleri bolan konserwatiw jemgyýetde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanýandygyny nygtaýar.
«Jemgyýetimizde kabul edilýän görnüşde geýinýärin» diýip, paýlaşýan suratlarynda we wideolarynda hijaply görünýän Bader aýtdy.
Kabulyň beýleki käbir zenan influenserleri ýaly, Bader hem owgan sosial ulgamlaryny yzarlaýanlaryň arasynda giňden tanalýar. Ol döredijilik we täze başlangyçlar bilen meşgullanýan zenanlar üçin geçirilýän ýygnanyşyklara, maslahatlara we okuw seminarlaryna ýygy-ýygydan gatnaşýar.
Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýerlerde adamlar köplenç ýanyna gelýärler.
«Olar maňa: “Men sizi sosial ulgamlarda yzarlaýaryn. Ýüzbe-ýüz görüşmek örän gowy boldy” diýýärler».
Onuň başgalara berýän maslahaty ýönekeý:
«Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, arzuwyň bar bolsa, ony amala aşyrmak üçin yhlas bilen işlemeli we köp tagalla etmeli».
Forum