Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýy başlandy


Saud Arabystanynyň häkimiýetleri 10-njy martda agşam köne aýyň dolup, täze Remezan aýynyň 11-nji martda başlanýandygyny yglan etdiler.
Saud Arabystanynyň häkimiýetleri 10-njy martda agşam köne aýyň dolup, täze Remezan aýynyň 11-nji martda başlanýandygyny yglan etdiler.

11-nji martda dünýädäki 1.8 milliard musulman üçin mukaddes Remezan aýy başlandy.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri 10-njy martda agşam köne aýyň dolup, täze Remezan aýynyň 11-nji martda başlanýandygyny yglan etdiler.

Remezan aýynyň dowamynda oraza tutýan musulmanlar gün çykyp, batýança naharlanmakdan, suwuklyk içmekden we jynsy gatnaşykdan saklanýarlar.

Remezan aýy dinçileri Hudaýa ýakynlaşdyrmak, ejir çekýänler barada ýatlatmak üçin niýetlenýär.

Remezan aýy 11-njy martda Türkmenistanda hem başlandy.

Musulmanlar aý hasabyny ulanýarlar, şu sebäpden Remezan aýynyň dürli ýurtlarda bir-iki günlük aratapawut bilen başlanmagy mümkin. Bu sebäpli Awstraliýa, Bruneýi, Indoneziýa, Malaýziýa we Singapur ýaly döwletlerde Remezan 12-nji martda, haçanda köne aý täzesi bilen çalşanda başlanýar.

XS
SM
MD
LG