Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde Sisi üçünji möhlete prezident saýlandy. Ol sesleriň 89.6% aldy


 Sisi özüni dartgynly regionda durnuklylygyň binýady hökmünde häsiýetlendirýär.
Sisi özüni dartgynly regionda durnuklylygyň binýady hökmünde häsiýetlendirýär.

Müsürde Abdel Fattah al-Sisi üçünji möhlete prezident saýlandy diýip, ýurduň saýlaw resmileri 18-nji dekabrda mälim etdiler.

Sisiniň sesleriň 89.6%-ni alan saýlawlarynda, oňa çynlakaý bäsdeşlik görkezip biljek dalaşgär bolmady.

Saýlawlar ýurtdaky ykdysady krizis, şeýle-de Gazadaky konfliktiň Müsüriň Sinai ýarymadasyna geçmek howatyrlary bilen utgaşdy.

Käbir ses berijiler Gazadaky konfliktiň, olary Sisä ses bermäge iterendigini aýtdylar. Sisi özüni dartgynly regionda durnuklylygyň binýady hökmünde häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG