Russiýaly syýasatçy Boris Nadeždin 18-nji martdaky geçjek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba durup bilmek üçin, 23-nji ýanwardaky ýagdaýlara laýyklykda, zerur bolan 100 müň goly toplamagy başardy. Nadeždin Russiýanyň Ukraina çozuşyny bes etmäge açyk görnüşde çagyrýar.
Özbegistanda doglan 60 ýaşly Nadeždin öz goldawçylaryny, hususan-da daşky sebitlerde gollary toplamak işlerini dowam etdirmäge çagyrdy.
Mundan öň, tussaglykdaky oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň we öz-özünden bosgunlyga çykan oppozisiýa wekilleri Maksim Katsyň we Mihaýil Hodorkowskiniň hem egindeşleri Nadeždiniň kandidaturasyny goldadylar.
Şol bir wagtda, saýlawlaryň häzirki prezident Wladimir Putiniň aňsatlyk bilen ýeňjekdigine garaşylýar. Ol Russiýany prezident we premýer-ministr hökmünde 1999-njy ýyldan bäri dolandyryp gelýär.