Moskwada taksi sürüjisi bolup işleýän, asly Çeçenistandan bolan bir adama GIBDD (Ýol hereketiniň howpsuzlygy döwlet gözegçiligi gullugy) bölüminiň golaýynda namaz okandygy üçin jerime salyndy. Ol wideo düşürilipdir we birnäçe hepde geçenden soň sürüjä bikanun missionerçilik işi baradaky administratiw madda boýunça jerime bellenildi. Häkimiýetleriň Russiýany «köp dinli ýurt» diýip häsiýetlendirmegine garamazdan, musulmanlaryň yslamyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirendikleri üçin nähili yzarlamalara sezewar bolýandygy barada Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz redaksiýasy (Kawkaz.Realii) bilermenler bilen gürrüňdeş boldy.
Çeçenistandan bolan taksi sürüjisine garşy açylan administratiw iş barada ilkinji gezek iýul aýynyň başynda mälim boldy. Bu barada maglumat ksenofobik, milletçi garaýyşly «Etnoprestupnost» atly Telegram kanalynda çap edildi. Ol ýerde «düzgüni bozujynyň» Kia Rio ulagynda barýarka, golaýda namaz okamaga amatly ýer tapmandygy sebäpli ýoluň gyrasynda saklanandygy aýdylýar. Ol GIBDD-niň tehniki gözegçilik we hasaba alyş bölüminiň ýanynda durup, asfalt üstüne namaz düşegini ýazyp, namaz okamaga başlapdyr. Bir pyýada ony wideo düşürip, Ekstremizme garşy göreş merkezine şikaýat edipdir. «Ostorožno, nowosti» Telegram kanalynyň ýazmagyna görä, namazyny tamamlandan soň sürüji işini dowam etdiripdir. Žurnalistler onuň şahsyýetini hem anyklapdyrlar: Telegram kanalynyň maglumatyna görä, onuň ady Ahmad T.
Iki hepde geçenden soň Ahmad saklanyp, prokuratura äkidilipdir. Ol ýerde ol golaýda namaz okamak üçin ýörite ýer bolmansoň, namazy köçede okamaga mejbur bolandygyny düşündirdi we oňa duýduryş berilmegini haýyş etdi. Muňa garamazdan, iş kazyýete geçirilipdir we Ahmada 5 müň rubl möçberinde jerime salnypdyr.
| Maglumat: Bikanun missionerçilik baradaky administratiw madda 2016-njy ýylda «Ýarowaýa paketi» diýlip atlandyrylýan kanunlar toplumyndan soň güýje girdi. Şonda «missionerçilik işi» diýilýän düşünjä örän giň many berildi. Şol bir wagtyň özünde hem şeýle iş ýörite munuň üçin niýetlenen binalardan başga ýerde doly gadagan edildi. Bu düzgüni bozmak uly möçberdäki jerime bilen jezalandyrylýar. |
|---|
Kadyrow we onuň töweregi dymmagy makul bilýärler
Ahmadyň başdan geçiren wakasy sosial ulgamlarda uly seslenme döreden hem bolsa, bu makala çap edilýänçä Çeçenistanyň häkimiýetleri oňa hiç hili teswir bermediler. Mundan ozal özüni «musulmanlaryň goragçysy» we Russiýadaky yslam dünýäsiniň esasy wekili hökmünde görkezýän Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrow şuňa meňzeş ýagdaýlara birnäçe gezek goşulypdy. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň ýazynda Stawropol ülkesiniň Andropow etrabynyň administrasiýasy dürli guramalaryň ýolbaşçylaryna «köpçülik ýerlerinde namaz okamaga ýol berilmeýändigi» barada hat iberdi. Kadyrow muny «açyk diskriminasiýa we hukuk taýdan özbaşdaklyk» diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol köçelerde namaz görülmegini islemeýän sebitleriň häkimiýetlerine has köp metjit gurmagy maslahat berdi. Bu wakadan soň resminama yzyna alnyp, Stawropol ülkesiniň häkimiýeti sebitde namaz üçin hiç hili gadagançylygyň ýa-da jerimäniň ýokdugyny mälim etdi.
Syýasaty öwreniji Ruslan Aýsin bu ýagdaýda Çeçenistandan hiç hili reaksiýanyň bolmazlygyny örän geň hasaplaýar. «Eger Kadyrow özüni yslamyň goragçysy hökmünde görkezýän bolsa, onda hut şu wagt bu meselä üns berip, öz halkdaşy üçin çykyş etmeli, munuň kabul ederliksizdigini aýtmaly. Emma biz görýäris welin, şeýle ýagdaýlarda Kadyrow bilen onuň töweregindäkiler köplenç dymmagy ýa-da örän bulaşyk beýanatlar bermegi makul bilýärler».
Adam hukuklaryny goraýjy Aleksandr Çerkasow bolsa şeýle pikir edýär: «Russiýanyň Ukrainada giň gerimli urşy başlamazyndan ozal esasy nyşana alynýan topar musulmanlardy. Indi bolsa esasy üns ukrainlere gönükdirilen ýaly görünýär. Emma tutuş halk "hilegär duşmana" garşy birleşen mahaly hem käbir adamlaryň aňynda köne, arhaik garaýyşlar ýüzüne çykýar. Haýsydyr bir polisiýa işgäri bikanun missionerçilik baradaky maddany ýadyna salýar. Şeýle hereketler köplenç öz ýolbaşçylary talap etmese-de, hasabat üçin bir zat görkezmek synanyşygy bolýar. Bu Sowet döwründen galan, soň bolsa postsowet Russiýasynda has-da güýçlenen özboluşly "halklaryň dostlugynyň" görnüşidir».
«Bu häkimiýetleriň yglan edýän ýörelgelerine garşy gelýär»
2025-nji ýylyň dowamynda diňe Demirgazyk Kawkaz federal okrugynda Içeri işler ministrliginiň işgärleri «bikanun missionerçilik» diýilýän madda boýunça 22 administratiw teswirnama düzdüler. Bu madda boýunça hatda adamlaryň şahsy dini amallary hem jogapkärçilige çekilip bilýär. Mysal üçin, Tuapse şäher kazyýeti Täjigistanyň raýatlary Samariddin Saliýew bilen Jalili Saidzodany diňe yslam barada gürrüň edendikleri üçin günäkär diýip ykrar etdi. Olaryň hersine 30 müň rubl jerime salyndy we Russiýadan çykarylmaly diýen karar kabul edildi.
Krasnodar ülkesinde Özbegistanyň raýaty Ilesbek Baltaýew hem 30 müň rubl jerime sezewar boldy. Derňewiň maglumatlaryna görä, ol gurluşyk meýdançasynda işçiler namaz okap we yslamyň esaslaryny ara alyp maslahatlaşyp bilsinler diýip kiçijik doga otagyny gurapdyr. Bu iş hem “E” merkezine edilen arzadan soň açylypdyr.
Taganrogdaky «Ihlas» musulman guramasynyň ýolbaşçysy Magomed Kebedow hem öz öýünde adamlara yslamyň esaslaryny öwredendigi sebäpli 5 müň rubl jerime bilen jezalandyryldy. Şeýle hem Rostow welaýatynyň Semikarakorsk şäherinde prokuratura «Yhlaslylyk» («Iskrennost») guramasynyň başlygy Ýunus Abdullaýewi hususy öýünde ynanýanlaryň ýygnaklaryny geçirendigi üçin jogapkärçilige çekmäge synanyşýar.
2024-nji ýylyň güýzünde Kabardino-Balkariýa Respublikasynyň Urwan etrabynda ýerli bäş ýaşaýja garşy «bikanun missionerçilik» aýyplamasy bilen administratiw teswirnamalar düzüldi. Olaryň arasynda Çegem şäherçesiniň ymamy Ahmat Kardanow, şeýle hem Iordaniýa uniwersitetiniň teologiýa fakultetini tamamlan we arap dili mugallymy Aslan Bažew hem bardy. Ondan ozal Anapa şäherinde hem musulman dini toparynyň ýolbaşçysy Alawuddin Abdullaýewe garşy şuňa meňzeş iş kazyýete iberilipdi.
2025-nji ýylyň tomsunda Samara şäheriniň Krasnoglinsk etrap kazyýeti ýerli musulman dini jemgyýetiniň başlygy Ildar Minhämetowy 50 müň rubl jerime bilen jezalandyrdy. Derňewiň maglumatyna görä, ol pyýada ýodalarynda 40 adamyň «bir wagtyň özünde köpçülikleýin bolmagyny» gurap, geçip barýan adamlara päsgelçilik döredipdir. Şol döwürde ýerli ýaşaýjylar sosial ulgamlarda «migrantlaryň öz-özünden dörän namazhana» barada nägilelik bildiripdiler.
Syýasaty öwreniji Ruslan Aýsin häzirki wagtda alnyp barylýan göreşiň umuman musulmanlara garşy däl-de, eýsem Russiýanyň döwlet dolandyryş ulgamyna doly goşulyp bilmedik musulman jemgyýetlerine garşy gönükdirilendigini aýdýar. Ol şu ýyl Musulmanlaryň Ruhy Müdirliginiň birnäçe müftüsiniň tussag edilendigini hem mysal getirýär.
«Russiýada musulmanlar dini däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek meselesinde mümkin bolan iň uly çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emma prawoslaw jemgyýeti üçin, görşümiz ýaly, täze mümkinçilikler yzygiderli döredilýär: täze ybadathanalar gurulýar, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda dini täsir barha güýçlenýär. Mekdeplerde geçirilýän çäreleriň açylyşyna prawoslaw ruhanylary çagyrylýar. Bu hiç kimi geň galdyrmaýar, tersine, muny watançylygyň we "ruhy gymmatlyklaryň" alamaty hökmünde görkezýärler.»
Aýsiniň sözlerine görä, Moskwada bary-ýogy dört metjit bar. «Şonuň üçin hem şeýle sowal ýüze çykýar: musulmanlar günde bäş gezek namaz okamaly – onda ony nirede okamaly? Elbetde, şeýle ýagdaýlar barha köpelýär we olar hökman ýa-da başgaça ýol bilen "seresaply" raýatlaryň gözüne iler.»
Bilermeniň pikiriçe, «bikanun missionerçilik» baradaky kanun hakyky durmuş bilen asla gabat gelmeýär. «Şahsy namaz okaýan adam, ýagny köpçülikleýin däl-de, diňe özbaşdak doga edýän adam nähili edip missionerçilik alyp baryp biler? Ýöne kanuny ýazanlar muny başgaça düşündirip bilmändirler öýdýän. Başga biriniň ýanynda birnäçe arapça söz aýtdyňmy, diýmek, missionerçilik bilen meşgullanýarsyň».
Adamlary radikal ugra itekleýärler
«Edil şonuň ýaly hem namaz okamak, beýleki ähli dini dessurlar ýa-da öýlerde geçirilýän ybadatlar bilen bagly. Eger ol ýerde döwlet tarapyndan ykrar edilen ymam ýa-da musulman ruhanysy bolmasa, muny geçirmek gadagan edilýär. Elbetde, bu öz-özünden manysyz zat. Mundan başga-da, bu ýagdaý häkimiýetleriň resmi taýdan aýdýan zatlaryna hem ters gelýär. Olar: "Biz däp bolan yslamy goldaýarys" diýýärler. Emma hut şu halkyň arasynda asyrlarboýy dowam edip gelen adaty yslam däplerini bozýan hem özleri. Netijede bolsa adamlary radikal ugra itekleýärler. Resmi taýdan göreşýändiklerini aýdýan zadyň döremegine hut özleri şert döredýärler» diýip, Ruslan Aýsin sözüni jemledi.
- Stawropol ülkesiniň Andropow munisipal okrugynyň administrasiýasy köpçülik ýerlerinde namaz okamaga ýol berilmeýändigi barada duýduryş iberipdi. Resminama jemgyýetçilige ýaýransoň, häkimiýetler bu karary ýatyrýandyklary barada täze hat ýaýratdylar.
- Stawropoldaky Demirgazyk Kawkaz Federal Uniwersitetinde okaýan Türkmenistandan gelen birnäçe talyp diskriminasiýa sezewar bolýandyklaryny mälim etdiler. Olaryň aýtmagyna görä, olary mejbury ýagdaýda Kursk we Belgorod welaýatlaryndaky ýokary okuw jaýlaryna geçmäge mejbur edýärler. Muňa razy bolmadyk talyplar toslama sebäpler bilen okuwdan çykarylýar, resminamalary alynýar we synag tabşyrmagyna päsgel berilýär.
Forum