24-nji ýanwarda ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň gämisiniň Wirjiniýadan çykyp, ýola düşmegi bilen, NATO-nyň Sowuk urşy döwründen bäri geçirýän iň iri harby türgenleşikleriniň çägindäki ilkinji hereket başlady. Bu barada Ýaranlygyň metbugat wekili mälim etdi.
Maý aýyna çenli dowam etjek “Ygtybarly goragçy 2024” harby türgenleşiklere Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň 90 müňe golaý esgeri gatnaşar.
Mundan başga-da, türgenleşiklere uçar daşaýjy gämilerden esminislere çenli 50 suw serişdesi, 80 harby uçar, wertolýotlar, dronlar, 133 tank we 533 harby ulag dagy çekiler.
Türgenleşikleriň dowamynda Russiýanyň mümkin hüjümine NATO-nyň içgin regional planlarynyň ýerine ýetirilişi ele alnar.