Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi 7-nji sentýabrda Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy diýip, türkmen metbugaty 11-nji sentýabrda habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, taraplar ileri tutulýan ugurlardaky gatnaşyklaryny berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy himiki, biologiki, radiologiki we ýadro howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlar, kiberhowpsuzlyk, harby lukmançylyk, terrorçylyga garşy göreşmek, bikanun neşe söwdasyna garşy göreşmek we harby hünärmenlere daşary ýurt dillerini öwretmek maksatnamalaryny öz içine alýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
NATO-nyň baş sekretary Türkmenistanyň Merkezi Aziýada, hususan-da sebitdäki durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerinde möhüm hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini aýtdy diýip, habarda bellenýär.