Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýaranlary Ýewropada görlüp-eşidilmedik howa türgenleşigini geçirer


“Air Defender 23”, ýagny “Howa goragçysy 23” atlandyrylan türgenleşik indiki hepdede başlanar.
“Air Defender 23”, ýagny “Howa goragçysy 23” atlandyrylan türgenleşik indiki hepdede başlanar.

Ýaranlaryna we Russiýa ýaly mümkin bolan garşydaşlaryna öz güýjüni görkezmek niýeti bilen, Germaniýa özünde howa güýçleriniň NATO-nyň taryhyndaky iň uly türgenleşigini geçirmäge taýýarlanýar diýip, german we amerikan resmileri aýtdy.

“Air Defender 23”, ýagny “Howa goragçysy 23” atlandyrylan türgenleşik indiki hepdede başlanar.

Türgenleşige 25 ýurtdan 10 000 adam, 250 uçar gatnaşar we onda NATO-nyň agza bir ýurduna edilen mysaly hüjüme gaýtawul berler.

Germaniýanyň ýolbaşçylygyndaky türgenleşik 2018-nji ýyldan bäri meýilleşdirilýän hem bolsa, Russiýanyň geçen ýyl Ukraina çozmagy NATO-ny öz çägine hüjüm edilmek ähtimallygyna berk taýynlyk görmäge iterdi.

XS
SM
MD
LG