Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnaýa rus saýlawlarynyň netijeleriniň 'ähmiýeti ýok', Putin 'Biziň prezidentimiz däl' diýýär


 Ýuliýa Nawalnaýa
Ýuliýa Nawalnaýa

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň aýaly 19-njy martda çap eden wideo beýanatynda 15-17-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň häzirki prezident Wladimir Putine täze alty ýyllyk möhlet beren resmi netijeleriniň "ähmiýetiniň ýokdugyny" aýtdy.

Şeýle-de, Ýuliýa Nawalnaýa 17-nji martda Russiýada Putine garşy guralan protestlere gatnaşan ruslary öwdi. "Biz Putiniň öz prezidentimiz däldigini subut etdik" diýip, Nawalnaýa aýtdy.

"Şeýlelikde, biz dünýäde hiç kimiň Putini kanuny prezident hökmünde ykrar etmezligi, hiç kimiň onuň bilen gepleşik stolunyň başynda oturmazlygy, netijede, guramaçylykly jenaýat toparyna garşy göreşen ýaly, olaryň Putiniň mafiýasyna garşy göreşmegi üçin işläris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG