Russiýada Kremliň tussaglykdaky ýiti tankytçysy Alekseý Nawalny ýekelikdäki jeza kamerasyna geçirildi diýip, 22-nji ýanwarda onuň egindeşleri habar berdiler.
Onuň 10 günlük möhlet bilen bu kamera “türme sakçysyna özüni talaba laýyk tanyşdyrmandygy üçin” ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Bu Nawalnynyň Russiýanyň Arktika sebitinde ýerleşýän “Polýar möjegi” düzediş koloniýasynda eýýäm ikinji gezek ýekelikdäki jeza kamerasyna ýerleşdirilmegi boldy. Ol bu koloniýa geçen aý geçirilipdi.
Nawalnynyň “bir etmişi” üçin berlen ýedi günlük ýekelikdäki jeza kamerasyndaky möhlet geçen hepde tamamlanypdy.
Nawanly 2021-nji ýylda syýasy matlaplydygy aýdylýan aýyplamalar bilen tussaglyga ýerleşdirilenden soň, ol eýýäm 25 gezek ýekelikdäki jeza kamerasyna geçirildi.