Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň aýaly Putini prezident hökmünde ykrar etmezlige çagyrýar

Ýuliýa Nawalnaýa
Ýuliýa Nawalnaýa

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň dul aýaly Ýuliýa Nawalnaýa, prezident Wladimir Putini "garakçy" diýip atlandyrdy we, 15-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynda gutulgysyz ýagdaýda gaýtadan saýlanandan soň, Günbatar hökümetleriniň ony Russiýanyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmeli däldigini aýtdy.

Nawalnaýa 13-nji martda "Waşington Post" gazetinde çap edilen makalasynda Putini saýlawlary galplaşdyran, ähli tankytçylaryny öldüren, türmä basan ýa-da çykyp gitmäge mejbur eden korrumpirlenen lider diýip atlandyrdy.

"Putin syýasatçy däl, garakçy" diýip, Nawalnaýa ýazýar.

Ol Putiniň öz adamsyny hut onuň özüni we ýaranlaryny häkimiýeti "diňe özlerini baýatmak we şahsy maksatlaryna ýetmek üçin eýelän garakçylar" diýip aç-açan aýdandygy üçin ýigrenendigini aýtdy.

47 ýaşly adamsy geçen aý, 19 ýyllyk tussaglyk möhletini geçirýän Arktika türmesinde, gümürtik ýagdaýda ýogalan Nawalnaýa ýene bir gezek onuň Putiniň göni buýrugy esasynda öldürilendigini aýtdy. Dünýä liderleri we Russiýanyň oppozisiýa aktiwistleri hem bu betbagtçylykda Putini günäkärledi. Emma Kreml onuň ölümine ilteşikli bolandygyny ret etdi.

Nawalnynyň aýaly, ruslar ses bermäge başlamazyndan öň, "Alekseýiň şu ýyllarda aýtjak bolan birnäçe möhüm zadyny" adamlara ýetirmek üçin makala ýazandygyny aýtdy.

Nawalnaýa hökümetleriň saýlawlarda hiç hili garşydaş bilen ýüzbe-ýüz bolmaýan we ýene-de bir alty ýyl möhlet prezident boljakdygy görnetin bolan Putin babatyndaky garaýyşlaryny düýpgöter üýtgetmelidigini aýtdy.

Putine mafiýa başlygy hökmünde seredýänler “onuň wagşylygyna, diňe öz bähbidini aramagyna, zorluga ýykgyn etmegine, güjeňlenýän kaşaňlygy halamagyna, ýalan sözlemäge we öldürmäge ilgezikligine düşünerler” we şu sebäpden ony kanuny syýasy lider diýip pikir etmekden daşlaşmaly.

Ol ýurtlary 15-17-nji martda geçiriljek saýlawlaryň netijelerini yrar etmezlige, şeýlelikde, Russiýanyň raýat jemgyýetine we ýokary gatlagyna Russiýanyň “hemmeler tarapyndan ykrar edilen prezident däl-de, eýsem ýigrenilýän we aç-açan ýazgarylýan biri tarapyndan dolandyrylýandygy” barada yşarat edilmegine çagyrdy.

Şondan soň Putine wepaly adamlar adaty ykdysady we syýasy durmuşa dolanmagyň ýeke-täk ýolunyň ondan dynmakdadygyny görüp başlar diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, ol Putin bilen ýaran bolan has tanymal syýasatçylara, işewür adamlara, döwlet işgärlerine we hukuk goraýjy edaralaryň emeldarlaryna garşy girizilen sanksiýalaryň has giňeldilmek zerurlygyny öňe sürdi.

"Müňlerçe täsirli şahsyýeti maýadan we öz emläklerinden mahrum etmek bilen, siz içerki bölünişiklere we netijede režimiň çökmegine esas döredýärsiňiz" diýip, ol aýtdy.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Russiýany jezalandyrmak we urşy togtatmak tagallalarynyň çäginde, 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan giň gerimli çozuşdan bäri ýüzlerçe gurama we şahsyýetlere garşy sanksiýa girizdi, emma Moskwa olara bölekleýin, Hytaý ýaly dostlukly söwda hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen, şu wagta çenli hötde gelýär.

Nawalnaýa, saýlawyň netijelerini we Putini Russiýanyň kanuny prezidenti hökmünde mundan aňryk ykrar etmezlik bilen, Günbatardaky syýasy liderleriň Putine garşy durýan ruslaryň ählisine kömek etmelidigini aýtdy.

"Dünýä ahyr netijede Putiniň öz görünmek isleýän adamy däldigine düşünmeli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG