Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň aýaly saýlaw gününde protest geçirmäge çagyrýar


Ýuliýa Nawalnaýa
Ýuliýa Nawalnaýa

Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa ruslary merhum adamsynyň saýlaw gününde iş başyndaky prezident Wladimir Putine garşy ses bermek ýa-da ses berişligi bozmak üçin köpçülikleýin protest bildirmek baradaky meýilnamasyna eýermäge çagyrdy.

Nawalnaýa 6-njy martda sosial ulgamda ýerleşdirilen wideoýazgyda geçen hepde Alekseý Nawalnynyň Moskwada bolan jaýlanyş çäresine on müňlerçe goldawçynyň gatnaşandygyny, fewral aýynda Arktikadaky türmede ölendigine garamazdan, bu goldawyň onuň demokratiýa ugrundaky kampaniýasynyň dowam etjekdigine özündäki ynamy has güýçlendirendigini aýtdy.

"Saýlaw gününi öz işimizi dowam etdiriýändigimizi we bu ýerde köp adamyň bardygyny görkezmek üçin ulanmagymyz gerek. Biz hakyky, diri adamlar we biz Putine garşy durýarys. Siziň ses berişlige şol bir günde we şol bir wagtyň özünde - 17-nji martda, günortan gelmegiňiz gerek" diýip, Nawalnaýa wideoýazgyda aýtdy.

Hawalny gümürtik ýagdaýlarda ýogalmazyndan iki hepde öň saýlawçylary ses berişlik günlerinde - 15-17-nji mart aralygynda, günortan köpçülikleýin ýygnanyşmaga, garşylygy görkezmek üçin, prezident saýlawlary wagtynda ägirt uly oppozisiýa hatarlaryny döretmäge çagyrdy.

Giň ýaýran ynanja görä, syýasy äheňli aýyplamalar esasynda tussag edilen Nawalny öz bendiliginiň üçünji ýyl dönümine gabat yglan eden meýilnamasynda bu protestiň "doly kanuny we howpsuz" bolmagyny üpjün etmek pikirinden ugur alýandygyny aýtdy.

Ses berişlige gatnaşygyň adatça günortan ýokary bolýandygyny göz öňünde tutup, Nawalny bu protestiň Putine garşy ses berenleriň şahsyýetleriniň anyklanylmagyna ýol bermejekdigini öňe sürdi.

Nawalnynyň maşgalasy, tarapdarlary we günbatar liderleriniň köpüsi onuň – Kremliň iň tanymal tankytçysynyň ölüminde Putini aýyplaýarlar.

"Ondan soň näme etmeli? Saýlaw size bagly. Siz Putinden başga islendik kandidata ses berip bilersiňiz. Siz ses beriş kagyzlaryny bozup bilersiňiz, onuň üstünde" Nawalny" diýip, uly harplar bilen ýazyp bilersiňiz. Siz hatda ses bermekde hiç bir many görmeseňiz hem, saýlaw uçastogyna gelip we ol ýerde durup, soň bolsa yzyňyza öwrülip, öýe gaýdyp bilersiňiz" diýip, Nawalnaýa 6-njy martdaky wideoýazgysynda aýtdy.

Saýlaw resmileri tarapyndan bäsleşige gatnaşmak hukugy ret edilen kandidat Boris Nadeždin hem 6-njy martda saýlawa gözegçilik, syn etmek üçin "synçylary" toplaýandygyny yglan etdi.

Putini we onuň iki ýyl ozal Ukraina garşy başlan urşuny aç-açan tankyt eden 60 ýaşly syýasatçy, saýlaw resmileri tarapyndan toplan goldaw arzalarynda kemçilik tapylan we dalaşgärlik arzasy ret edilen raýat, bu hili guramaçylyga hukuk berilmezden, saýlaw gözegçilerini toplamak işini nähili ýola goýýandygyny anyklaşdyrmady.

Germaniýada bosgunlykda ýaşaýan Nawalnaýa ýogalan adamsynyň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Nawalny topary hem, oppozisiýanyň korrupsiýa we Putiniň häkimiýetine garşy göreşi dowam etdirjekdigini nygtap, Nawalnynyň işiniň bes edilmejekdigini wada berdi.

Russiýadaky saýlawlar Kreml tarapyndan berk gözegçilik astynda geçirilýär we ne azat, ne-de adalatly diýip bilinýär. Ýöne bu ses berişlik hökümete belli bir derejede kanunylyk duýgusyny ýa alamatlaryny döretmek üçin zerur hasaplaýar.

Kremliň syýasata, metbugata, hukuk goraýjy edaralara we beýleki guramalara berk gözegçilik etmegi, 1999-njy ýyldan bäri Russiýany prezident ýa-da premýer-ministr hökmünde dolandyran Putiniň bu saýlawlarda kän bir kynçylyksyz ýeňiş gazanjakdygyny, häkimiýetleriň gaty uly, garaşylmadyk özgerişlere ýol bermejekdigini aňladýar.

Forum

XS
SM
MD
LG