Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň hatyrasyna geçirilen ýörişlerde 120 adam tussag edildi, merhumyň ady 'ekstremist nyşany' boldy


Alekseý Nawalnynyň hatyrasyna geçirilen ýörişlere gatnaşandygy üçin azyndan 120 adam tussag edildi.
Alekseý Nawalnynyň hatyrasyna geçirilen ýörişlere gatnaşandygy üçin azyndan 120 adam tussag edildi.

Rus sebitleriniň käbirinde merhum oppozisiýa syýasatçysynyň adynyň "ektremist nyşany" diýlip kesgitlenmeginiň arasynda, geçen aý Arktika türmesinde gümürtik ýagdaýda ýogalan we 1-nji martda Moskwada jaýlanan Alekseý Nawalnynyň hatyrasyna geçirilen ýörişlere gatnaşandygy üçin azyndan 120 adam tussag edildi.

Nawalny, on müňlerçe tarapdarynyň ýas çärelerine goşulmagynyň öňüni baglan polisiýa gözegçiligi astynda, häkimiýetleriň öç almak ähtimallygyna garaman hoşlaşmaga, soňky ýoluna ugratmaga gelmegi bilen, Moskwadaky çagalyk öýüniň golaýyndaky gonamçylykda topraga berildi.

Onuň garyndaşlaryna we ýakyn ýoldaşlaryna, prezident Wladimir Putiniň iň görnükli duşmany Borisowskoýe gonamçylygynda jaýlanmazyndan öň, Hudaýyň ejesiniň nyşany ybadathanasynda guralan gysga jaýlanyş dabarasyna gatnaşmaga rugsat berildi.

Nawalnynyň mazaryna gül goýýan adamlar
Nawalnynyň mazaryna gül goýýan adamlar

Russiýanyň dürli künjeklerinde köçelere çykarylan polisiýa güýçleri, jaýlanyş dabaralarynda bolan haýsydyr bir waka barada habar berilmedik hem bolsa, Moskwada, Sankt-Peterburgda, Nowosibirskde, Ýekaterinburgda we Russiýanyň beýleki şäherlerinde, Nawalnynyň hatyrasyna guralan ýygnanyşyklara gatnaşandygy üçin, 120-den gowrak adamy tussag etdi.

"Nowosibirsk koalisiýasy 2020" we "Sibirmedia" habarlaryna görä, Nowosibirskde polisiýa azyndan 18 adamy tussag etdi.

"Awtozak Telegram" kanalynyň habaryna görä, Moskwada polisiýa azyndan 17 adamy tussag etdi.

"Birinji bölüm" adam hukuklary taslamasy Russiýanyň dört sebitindäki kazyýetleriň Nawalnynyň adyny "ekstremist nyşany" diýip yglan edendigini habar berdi.

"Birinji bölüm" bu kesgitlemäniň Çelýabinsk, Krasnodar we Murmansk sebitlerinde Nawalnynyň hatyrasyna geçirilen üýşmeleňlere gatnaşan üç adama garşy ulanylandygyny habar berdi.

Aleksev Nawalny soňky ýoluna ugradylýar
Aleksev Nawalny soňky ýoluna ugradylýar

Bu kesgitlemäniň Ulýanowsk sebitinde-de ulanylandygy habar berildi.

Ybadathanada guralan ýas çäresi wagtynda, kameralary ulanmagyň gadagan edilendigine garamazdan, Nawalnynyň açyk tabydynyň suratlary sosial ulgamlarda peýda boldy.

Ol suratlarda merhum syýasatçynyň ejesiniň we kakasynyň tabydyň golaýynda oturandygyny, Nawalnynyň jesedine goýlan gyzyl we ak gülleri görse bolýar.

Adamlaryň käbiri tabydy gonamçylyga tarap alyp barýan awtoulaga gül zyňsa, ýas tutýanlaryň bir bölegi bu ulaga ýakynlaşmak üçin demir haýatlary böwsüp geçdi. Köpçüligiň arasynda "Russiýa azat bolar", "Ýok bolsun uruş" we "Putin ganhor" diýen ýaly şygarlara gygyranlaryň sesleri eşidildi.

Forum

XS
SM
MD
LG