Russiýada merhum oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň jaýlanyş mirasymy 1-nji martda Moskwanyň Marino sebitindäki bir kilisede geçiriler. Kremliň ýiti tankytçysy Nawalny ozallar bu sebitde ýaşapdy.
Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyşyň, ozalky Twitter, X sosial ulgamynda 28-nji fewralda galdyran ýazgysynda mirasym çäresinden soň, onuň golaýdaky Borisowskoýe gonamçylygynda jaýlanjakdygyny mälim etdi.
Mundan bir gün öň, Nawalnynyň egindeşleri mirasym çäresi üçin ýeri tapmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdypdylar.
Bu resmileriň Nawalnynyň Arktik türmesinde ölendigini yglan edeninden iki hepde töweregi wagtdan soň bolup geçýär.
Nawalnynyň ejesi resmileriň onuň merhum ogluny gizlin bir ýerde jaýlamak boýunça basyş edendiklerini aýdypdy.