Ak tam 20-nji fewralda, oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň ölümi sebäpli, 23-nji fewralda Russiýa garşy täze sanksiýalary yglan etjekdigini aýtdy.
Milli Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirbi “Jenap Nawalna bolan zat sebäpli Russiýany jogapkärçilige çekmek üçin" "uly sanksiýalar bukjasynyň" yglan ediljekdigini aýtdy.
Russiýanyň dünýä Nawalnynyň ölümi barada nämeleri gürrüň bereniniň tapawudy ýok, bu ýerde "Prezident Putiniň we onuň hökümetiniň jogapkärdigi açyk-aýdyň" diýip, Kirbi sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, bu sanksiýalar Russiýanyň Ukrainadaky "elhenç we gazaply uruşda" eden hereketlerine jogap bolar diýip, Kirbi aýtdy.