24-nji iýunda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gaza zolagynda Hamas jeňçilerine garşy alnyp barylýan söweşiň häzirki tapgyrynyň kemelýändigini aýtdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terrorçy topar hökmünde ykrar edýär.
Netanýahunyň sözlerinden çen tutulsa, Ysraýylyň indi goşunlaryny dermirgazyk çäklerine çekip, Liwandaky “Hizballah” jeňçi toparyna garşy durjakdygyna meňzeýär. Bu baradaky bellikler Ysraýyl bilen Eýran tarapyndan goldanylýan “Hizballahyň” arasyndaky dartgynlylyklary hasam ýitileşdirdi. Häzirki wagtda bularyň özara söweşe has ýakynlandygyna çalym edýär.
Mundan başga-da, Netanýahu Gazadaky gazaply söweşiň soňunyň gözýetimde görünmeýändigini hem sözüne goşdy.