Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu Ysraýylyň Gazadaky 'howpsuzlyga jogapkär' boljakdygyny aýdýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Hamas bilen bolan söweşden soň Ysraýylyň Gazada "näbelli bir döwür içinde" umumy jogapkärçilik çekjekdigini aýtdy we zamun alnanlaryň boşadylmagyny ýeňilleşdirmek üçin häzirki söweşe "azajyk arakesme" bermäge açykdygyny aýtdy.

Onuň “ABC News” neşirinde 6-njy noýabr güni giçlik efire berlen söhbetdeşlikde aýdan sözleri Ysraýylyň takmynan 2,3 million palestinalynyň ýaşaýan territoriýasyny doly gözegçilik astynda saklamakçy bolýandygyny görkezýär.

Netanýahu Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla guran hüjüminde ele salan 240-dan gowrak ýesiri boşadylmazdan atyşygyň umumy ýagdaýda bes edilmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG