Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niger harbylary prezidenti wezipesinden çetleşdirdiler


Nigeriň harbylar topary milli telewideniýede prezident Mohamed Bazumyň häkimiýetden çetleşdirilendigini, serhetleriň ýapylandygyny we komendant sagadynyň girizilendigini habar berdi. Bu habary "Roýters" çap etdi.

Nigeriň prezident gwardiýasy biraz öň döwlet baştutany Mohamed Bazumy öz ýaşaýan jaýyna gabady. Prezident edarasy ilki pitneçileri ne goşunyň, ne-de milli gwardiýanyň goldaýandygyny aýtdy. Emma birnäçe sagatdan soň Bazumyň wezipesinden çetleşdirilendigi baradaky habarlar peýda boldy.

Soň Beniniň prezidenti Patris Talonyň emele gelen ýagdaýy kadalaşdyrmaga araçylyk etmek üçin Nigere ugrandygy belli boldy.

“Jeune Afrique” neşiriniň çeşmeleriniň maglumatyna görä, gozgalaňa Bazumyň prezident garawulynyň serkerdesi, general Omar Tçianini işden aýyrmak niýetiniň sebäp bolan bolmagy mümkin.

Tçiani Nigeriň öňki prezidenti Mahamadou Issoufudan bäri häzirki wezipesinde işleýär.

Pitne Sankt-Peterburgda geçirilýän Russiýa-Afrika sammitiniň fonunda boldy.

Niger bu sammite gatnaşmaýar diýip, Russiýanyň “Nowosti” neşiri bir çeşmä salgylanyp habar berdi.

XS
SM
MD
LG