Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada alnyp gaçylan okuwçylar azat edildi


Nigeria School Kidnapping
Nigeria School Kidnapping

Nigeriýada mundan iki hepde töweregi ozal alnyp gaçylan 300 töweregi okuwçy 24-nji martda boşadyldy. Bu barada ýerli resmiler habar berdi.

Çagalar 7-nji martda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kaduna welaýatynyň Kuriga şäherindäki mekdepden äkidilipdi.

Kadunanyň häkimi Uba Sani 287 okuwçynyň azat edilmegi bilen bagly goşmaça maglumat bermedi.

Häkim beýanatda çagalaryň azat edilmegi boýunça hususanda ýurduň prezidenti Bola Tinubua minnetdarlyk bildirdi. Tinubu mundan öň, çagalary “ýeke köpük tölemezden” hem azat etjekdigi barada söz beripdi.

XS
SM
MD
LG