Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2023-nji ýylda Eýranda ýüzlerçe aýal saklandy – hukuk goraýjylar


Tähranyň golaýyndaky Karçak aýallar türmesiniň girelgesi
Tähranyň golaýyndaky Karçak aýallar türmesiniň girelgesi

Geçen ýyl Eýranda azyndan 300 sany zenan, özleriniň syýasy ýa-da ideologiki garaýyşlary sebäpli, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklandy diýip, adam hukuklary boýunça Hengaw topary mälim etdi. Ol häzir 100-e golaý aýalyň dürli aýyplamalar esasynda türme tussaglygy bilen hem ýüzbe-ýüzdügini belledi.

Eýrandaky adam hukuk bozulmalaryny ýakyndan yzarlaýan Hengaw toparynyň 8-nji martda ýaýradan hasabatynda, 2023-nji ýylda howpsuzlyk güýçleri ýurt boýunça azyndan 325 sany zenany saklapdyrlar. Olaryň arasynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda 18 student, 17 žurnalist we media aktiwisti, 10 režisýor we aktrissa, şeýle-de ýedi mugallym dagy hem bar.

Hasabatda azyndan 147 aýalyň ýuridiki jogapkärçilige çekilendigi bellenilýär. Olara çykarylan hökümleriň arasynda türme tussaglygy, gamçylamak ýaly jezalar hem bar.

8-nji mart Halkara zenanlar gününde ýene bir gurama, ýagny adam hukuklaryna gözegçilik edýän HRANA topary Eýranda 113 aýalyň özleriniň ynanjy üçin türmede saklanýandygy barada maglumat çykardy.

Zenanlaryň aglabasyna “sistema garşy propoganda etmek”, “toparlanyşyk we dildüwşük”, “ýer ýüzündäki korrupsiýa” we “içalyçylyk” ýaly aýyplamalar ýöňkelipdir.

XS
SM
MD
LG