Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2023-nji ýylda Arktikada iň yssy tomus hasaba alyndy – ABŞ agentligi


Arktika
Arktika

2023-nji ýylyň tomsunda Arktikanyň ýüzündäki howanyň temperaturasy rekord derejede gyzdy, bu adamzat sebäpli klimatyň üýtgemeginiň çaltlaşmagy netijesinde ýüze çykdy diýip, 12-nji dekabrda çap edilen ABŞ-nyň resmi habar kartynda aýdylýar.

Iýul-sentýabr aýlarynda howanyň ortaça temperaturasy selsiý boýunça 6,4 gradusa deň bolupdyr. Bu 1900-nji ýylda gözegçilik edilip başlanaly bäri, hasaba alnan iň uly görkeziji boldy.

“Bu ýylky habar kartyndan çykaryljak esasy netije bu – herekete şu wagtyň özünde başlamaly” diýip, Umman we atmosfera seljermeleriniň milli administrasiýasynyň dolandyryjysy Rik Spinard beýanat bilen çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG