Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 13% ösdi – Minnihanow


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) we Tatarystanyň raisi Rustam Minnihanow (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) we Tatarystanyň raisi Rustam Minnihanow (arhiw suraty)

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 52 million dollara barabar bolup, bu 2022-nji ýylyň görkezijilerinden 13% ýokarydyr. Bu barada 28-nji aprelde Tatarystanyň raisi Rustam Minnihanowyň metbugat edarasy habar berdi.

Minnihanow 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanda sapar boldy. Ol prezident Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşikleri geçirdi.

“Türkmenistanda uzak ýyllardan bäri öňdebaryjy tatar kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Geçen ýyl biziň özara söwda dolanyşygymyz 13% artyp, ol 52 million dollara deň boldy” diýip, Minnihanow türkmen prezidentine aýdypdyr.

Şol bir wagtda, bar bolan hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary aýdyňlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG