Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa, Irlandiýa, Ispaniýa Palestina döwletini ykrar etdiler


Gazada palestinaly bir oglan weýran edilen stadionyň harabaçylygynyň arasynda milli baýdaklaryny göterýär. Noýabr, 2012 ý.
Gazada palestinaly bir oglan weýran edilen stadionyň harabaçylygynyň arasynda milli baýdaklaryny göterýär. Noýabr, 2012 ý.

22-nji maýda Norwegiýa, Irlandiýa we Ispaniýa Palestina döwletini ykrar etdiler. Bu taryhy ädimi Ysraýyl tankytlady, palestinalylar bolsa muny şatlyk bilen garşyladylar.

Ysraýyl Norwegiýadaky we Irlandiýadaky ilçilerini yzyna çagyrdy.

Beýanatlar tizlik bilen yzly-yzyna edildi. Ilki bilen bu barada Norwegiýa çykyş etdi. Premýer-ministr Ýonas Gar Stýore “ykrar edilmese, Ýakyn Gündogarda parahatçylyk bolup bilmez” diýip, aýtdy.

Bu ýurtlar Palestinany resmi ýagdaýda döwlet hökmünde 28-nji maýa çenli tassyklarlar.

XS
SM
MD
LG