Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nukus işi: Şikaýat eden 28 adamyň 5-si türmeden boşadyldy


Nukus, 1-nji iýul, 2022.
Nukus, 1-nji iýul, 2022.

Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň Jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy 12-nji iýunda 2022-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Garagalpagystanda bolup geçen wakalar boýunça açylan jenaýat işlerinde günäkärlenen 28 adamyň adyndan edilen şikaýatlara garalandan soň gelnen karary yglan etdi.

Ýatlatsak, Garagalpagystanyň Jenaýat kazyýetiniň kazyýet kollegiýasy 17-nji martda Nukusda bolup geçen wakalar boýunça sereden ikinji kazyýet işinde aýyplanýan 39 adamyň garşysyna çykarylan hökümleri yglan etdi.

Bu hökümler esasynda 28 adam 5 ýyldan 11 ýyla çenli azatlykdan mahrum edildi, 11 adama 5 ýyldan iş kesildi.

Gazeta.uz neşiriniň habaryna görä, şikaýat kazyýetiniň karary esasynda aýyplanýanlaryň 5 sanysynyň hökümi azatlykdan mahrum etmekden azatlygyny çäklendirmek bilen çalşyryldy, 16 adama kesilen türme möhletleri azaldyldy, günäli tapylanlaryň 7 sanysynyň hökümi üýtgewsiz galdyryldy.

XS
SM
MD
LG