Daşkentiň merkezinde prezident kerweniniň geçýän ugrunda bolan ölümli ýol-ulag hadysasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet ýolbaşçylarynyň kerwenleriniň näme üçin onlarça ulag bilen ugradylýandygy baradaky jedelleri güýçlendirdi. Şeýle kerwenler ýönekeý ýol ulanyjylaryna kynçylyk döredýär we käbir ýagdaýlarda olaryň janyna howp salýar. Azatlyk Aziýa sebitdäki döwlet ýolbaşçylarynyň kerwenleri bilen baglanyşykly hadysalary ýatlap, hünärmenlerden şeýle dabaraly kerwenleriň näme üçin zerurdygyny sorady.
16-njy iýulda Daşkentde üç sany motosikl ýokary tizlikde Chevrolet Onix ýeňil ulagyna çaknyşdy. Çaknyşygyň täsiri bilen ulag gyrada zyňlyp gitdi. Adaty ýagdaýda bu waka gündelik ýol hadysalarynyň biri bolup galardy. Emma beýle bolmady.
Ölümli ýol-ulag hadysasy
Sebäbi iki adamyň ölümine getiren heläkçilige ýol-gözegçilik gullugynyň üç inspektory sezewar boldy. Olaryň biri wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy, galan ikisi ýaralandy. Iki hepde geçenden soň bolsa motosiklleriň kakylan ýeňil ulagynyň sürüjisi hem hassahanada aradan çykdy.
Hadysa wagty motosikller beýleki ulaglar we pyýadalar üçin ýapylan ýolda hereket edýärdi. Ýakyn çatrykda birnäçe ýol gözegçileri nobatçylyk edýärdi. Merkezi köçeden bir furgon we ýene bir ulag geçenden soň, ýol gözegçileri hereketi täzeden açdylar.
Şol wagt ýaşyl yşyk ýanandan soň Chevrolet Onix çatryga çykdy. Hut şol pursatda onuň bilen prezident kerweniniň yzyny goraýan bolmagy ähtimal üç sany ýol-patrul motosikli çaknyşdy. Çaknyşygyň netijesinde motosiklleriň biri ot aldy, ýeňil ulag agyr zeper ýetip, ýene iki ulaga degdi.
Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy departamentiniň Ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy resmi beýanatynda hadysanyň sebäbi barada maglumat bermedi we goşmaça maglumatlaryň derňew tamamlanandan soň mälim ediljekdigini aýtdy.
Kimiň kerweni?
Heläkçilikden soň sosial ulgamlarda ýol-patrul motosiklleriniň prezidentiň kerwenini ugradýandygy barada maglumatlar ýaýrady. Käbir ulanyjylar wakanyň bolan ýerinde özleriniň hem bolandygyny ýazdylar.
«Indi muny ýalan maglumat diýip atlandyrýarlar. Emma şol wagtda şol ýoldan diňe prezident geçýärdi. Bu hakykatdanam prezidentiň kerweni boldy. Men şol ýerde özüm bardym» diýip, bir ulanyjy ýazdy.
Facebook’da başga bir ulanyjy bolsa şeýle ýazdy: «Motosikller ýokary tizlikde we gyzyl yşykda çatryga çykdylar. Indi ähli günäni hereketi açan ýol gözegçisine ýükleýärler. Meniň pikirimçe, ol kerweniň geçişiniň tamamlanandygy barada radiodan habar almasa, ýygnanan ulaglar üçin ýoly açmazdy. Umuman, şeýle kerwenleriň özi bolmaly däl».
Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy departamentiniň Ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň metbugat sekretary Zoýir Ýuldaşew ýol-ulag hadysasynyň prezident kerweniniň ugradylmagy bilen baglanyşykly bolandygy baradaky maglumaty ret etdi.
«Sosial ulgamlarda bu hadysanyň ýagdaýlary barada nädogry maglumatlar ýaýradylýar. Ýagny, hadysa kerweniň hereket edýän wagtynda bolup geçdi diýilýär. Internet ulanyjylaryndan tassyklanmadyk maglumatlary ýaýratmazlyklaryny haýyş edýäris» diýip, Ýuldaşew özüniň Telegram kanalynda ýazdy.
Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryndaky iki çeşmesi heläkçilige uçran motosiklleriň hakykatdan-da prezident kerweniniň düzümine girendigini tassyklady.
«Bular prezident kerweniniň yzynda hereket edýän howpsuzlyk gullugynyň işgärleridi. Olar adatça şu tizlikde hereket edýärler. Olar gapdal köçeden raýat ulaglarynyň çykmagyna rugsat berilmeýändigini bilýärdiler» diýip, howpsuzlyk sebäpli adynyň aýan edilmezligini haýyş eden çeşme aýtdy.
Özbegistanyň howpsuzlyk edaralaryndaky başga bir çeşme ýol-ulag hadysasynyň prezidentiň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň goýberen ýalňyşlygy sebäpli bolandygyny aýtdy.
«Indi bu edaranyň ýokary derejeli wezipeli işgärleri wezipesinden boşadylar» diýip, çeşme aýtdy. Şeýle hem ol şol ýerden geçen kerweniň hakykatdan-da prezidente degişlidigini sözüne goşdy.
Ölümli ýol-ulag hadysasyndan bir gün soň birnäçe neşir öz çeşmelerine salgylanyp, Prezidentiň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Alişer Usmanowyň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Ol bu gulluga 2020-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Onuň işden boşadylmagynyň sebäpleri barada maglumat berilmedi.
18-nji iýulda irden Özbegistanyň prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow bu maglumaty tassyklady. Prezidentiň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine öňki içeri işler ministriniň orunbasary we Milli gwardiýanyň ozalky başlygy Rustam Juraýew bellendi.
Merkezi Aziýa prezidentleriniň kerwenleri bilen baglanyşykly wakalar
Merkezi Aziýa ýurtlarynda prezident kerwenleriniň gatnaşmagynda dürli ýol hadysalary bolup geçdi.
Sebitdäki iň uly seslenme döreden waka 2002-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda boldy. Aşgabat häkimiýetleri ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şäher daşyndaky rezidensiýasyndan gaýdyp barýan mahaly onuň kerwenine awtomatdan ot açylandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar, diplomatlar we garaşsyz bilermenler bu wakany sahnalaşdyrylan ýa-da ýörite gulluklaryň prowokasiýasy diýip häsiýetlendirdiler. Olaryň pikirine görä, häkimiýetler bu hadysany syýasy meýdany arassalamak we ýurduň içindäki hem-de daşyndaky hakyky oppozisiýany ýok etmek üçin bahana hökmünde ulandy.
Jemgyýetçilige mälim bolan beýleki wakalar esasan ýol-ulag hadysalary bilen baglanyşyklydyr. 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Gazagystandaky Almaty–Daşkent ýolunyň 465-nji kilometrinde Volvo ýük ulagy şol wagt Gyrgyzystanyň prezidenti bolan Kurmanbek Bakyýewiň kerwenini ugradýan polisiýa ulagyna çakyşdy. Hadysada Gazagystanyň ýol polisiýasynyň bir işgäriniň şikes alandygy habar berildi. Prezidentiň kerweni Gazagystanyň çäginden üstaşyr geçip, Talas welaýatyna barýardy.
2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Yssyk-Köl welaýatyna edýän sapary wagtynda onuň kerwenini ugradýan ulaglaryň birine garşy ugra çykan ýeňil awtoulag ýokary tizlikde gelip kakyşdy. Habar berlişine görä, ýeňil ulagyň rulunda serhoş ýagdaýdaky 67 ýaşly sürüji bolupdyr. Žaparowyň özi zyýan çekmedi, emma hadysada prezidentiň lukmançylyk toparynyň öňdebaryjy oftalmolog lukmany aradan çykdy, ýene birnäçe adam agyr ýaralandy. 2023-nji ýylda Bişkegiň Birinji Maý etrap kazyýeti bu hadysa boýunça sürüjini üç ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Merkezi Aziýa liderleriniň kerwenleri bilen baglanyşykly wakalar olaryň daşary ýurt saparlarynda hem bolupdy. 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Izmir şäherine resmi sapar bilen baranda, kerweniň soňky bölegindäki bäş sany Mercedes ulagynyň zynjyrlaýyn biri-birine çaknyşmagy netijesinde žurnalistleri alyp barýan awtobus hem zeper ýetdi. Birnäçe wezipeli adam we howpsuzlyk işgärleri ýaralandy.
2018-nji ýylyň oktýabrynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň Ýaponiýa edýän resmi sapary wagtynda tejribesiz ýerli sürüjiniň dolandyrýan awtoulagy onuň kerwenindäki ulaglaryň birine çaknyşdy. Bu hadysada hiç kim şikes almady, emma diplomatik ulaglaryň biri agyr zeper çekdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynda prezident kerwenleriniň geçmegi diňe birnäçe sagatlap esasy ýollaryň berk ýapylmagyna getirip, işe ýa-da hassahana howlugýan adamlaryň nägileligini döretmek bilen çäklenmän, kähalatlarda adamlaryň janyna hem howp salýar. Sebäbi tiz kömek ulaglary agyr ýagdaýdaky näsaglara wagtynda baryp bilmeýär.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde ýedi aýlyk göwreli zenan we onuň dünýä inmän galan çagasy prezident Serdar Berdimuhamedowyň kerweni sebäpli howpsuzlyk güýçleriniň hassahana barýan ýoly ýapmagy netijesinde aradan çykdy.
Gazagystanda häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýa-da öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň kerwenleri bilen baglanyşykly çynlakaý hadysalar barada habar berilmedi. Şeýle-de bolsa, Almatyda we Astanada prezidentiň ulag kerweni geçýän mahaly ýollaryň wagtlaýyn ýapylmagy sebäpli sosial ulgamlarda wagtal-wagtal nägilelikler ýüze çykýar.
2024-nji ýylda Astanada Ýesil derýasynyň üstünden täze köpri guruldy. Bu köpri prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň iş rezidensiýasy bolan Akordany Prezidentiň işleri müdirligine degişli giň şäher daşyndaky jaý bilen göni baglanyşdyrýar. Köprüden we oňa eltýän ýoldan adaty ulaglaryň geçmegine rugsat berilmeýär. Ýol belgileri diňe awtoulaglaryň däl, eýsem pyýadalaryň hem köprä golaýlamagyny gadagan edýär.
Abraýy görkezmekmi ýa-da howpsuzlyk aladasymy?
Londondaky ‘Central Asia Due Diligence’ seljeriş merkeziniň müdiri, syýasaty öwreniji Alişer Ilhamowyň pikiriçe, Merkezi Aziýa döwlet ýolbaşçylarynyň dabaraly ulag kerwenleri diňe bir howpsuzlyk meselesi däl, eýsem ýolbaşçynyň ýokary derejesini görkezmegiň hem bir guralydyr.
«Bu awtoritar düzgünler bilen baglanyşykly ýagdaý. Şeýle dabaralar öňki monarhiýalary ýatladýar: ýörite däp-dessurlar, ýolbaşçynyň ýönekeý raýatdan has ýokary derejededigini görkezýän ýörelgeler. Şeýlelik bilen jemgyýet bilen döwlet baştutanynyň arasynda aralyk döredilýär. Munuň maksady: “Siz ýönekeý halk, men bolsa diýen ýaly patyşa” diýen düşünjäni görkezmekdir» diýip, Ilhamow belleýär.
Gyrgyzystanyň Ýol howpsuzlygy boýunça köp ýyl bäri işleýän Raýatlar bileleşiginiň utgaşdyryjysy Urmat Gazakbaýew hem uly kerwenleriň ýolbaşçylaryň ýokary derejesini görkezmek islegi bilen baglydygy bilen ylalaşýar. Emma onuň aýtmagyna görä, prezidentleriň öz howpsuzlygy baradaky aladalary hem esassyz däl. Gazakbaýewiň sözlerine görä, Gyrgyzystanda guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş alyp barýan döwlet ýolbaşçylary hakykatdan hem howp astynda bolup bilerler.
«Jenaýatçylyga garşy göreşiň ilkinji tapgyry Roza Otunbaýewanyň dolandyran döwründe boldy, soňra Almazbek Atambaýew hem bu ugurda göreş alyp bardy, iň soňky tapgyr bolsa häzirki prezident Sadyr Žaparowyň döwründe geçirildi. Häzirki wagtda bu göreş henizem dowam edýär. Eger prezident häzirki wagtda güýçlendirilen gorag bilen hereket etse, onda bu onuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen esasly bolar. Sebäbi häzirki wagtda hem jenaýat dünýäsiniň tarapdarlary galýar, olar henizem ar almak isleýärler we jenaýat dünýäsiniň ýolbaşçysy Kamçy Kolbaýewiň ölümi üçin ar almaga synanyşýarlar (Gyrgyzystanda jenaýat toparynyň ýolbaşçysy hökmünde tanalan Kamçy Kolbaýew 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Bişkekde Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň ýörite operasiýasy wagtynda öldürildi. — Red.). Döwlet baştutany üçin henizem töwekgelçilik we howp bar» diýip, Urmat Gazakbaýew sözüniň üstüni ýetirýär.
Alişer Ilhamow Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň hem ulag kerwenlerini we gorag gulluklaryny ulanýandygyny, emma olaryň göwrüminiň, hereket ediş tertibiniň we ýollary ýapmak tejribesiniň awtoritar döwletlerdäkiden düýpgöter tapawutlanýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, Ýewropanyň premýer-ministrleri we prezidentleri sowutly ulaglarda ýörite gulluklaryň goragynda hereket etseler-de, ýönekeý sürüjilere döredilýän oňaýsyzlyklary mümkin boldugyça azaltmaga çalyşýarlar. Käbir syýasatçylar hatda limuzinleriň ýerine welosiped ulanmagy makul bilýärler. Mysal üçin, häzirki NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte Niderlandlaryň premýer-ministri bolup işlän döwründe işe yzygiderli welosiped bilen gatnaýardy.
Ilhamow sözüniň ahyrynda şeýle diýýär: «Mysal üçin, Britaniýada premýer-ministr wezipesine gelen adam Londonyň merkezindäki taýýarlanan döwlet öýüne göçýär. Ol şol ýerde ýaşaýar we hökümet mejlislerini hem şol ýerde geçirýär. Şonuň üçin onuň her gün şäheriň bir ujundan beýleki ujuna gatnamagynyň zerurlygy ýok. Bu ulgam asyrlar mundan ozal jemgyýetiň bähbidini we tygşytlylygy göz öňünde tutup döredilipdir. Fransiýanyň prezidentiniň rezidensiýasy hem şäheriň merkezinde ýerleşýär – ol şol ýerde ýaşaýar we işleýär. Hatda olaryň kerwenleri hem köplenç bir, iň köp iki-üç ulagdan we üç-dört polisiýa işgärinden ybarat bolýar. Merkezi Aziýada bolsa men uzyn ulag kerwenlerini görýärin. Örän dabaraly».
Forum